2025-nji ýylda Hytaýyň gündelik durmuşda ulanylýan enjamlar pudagy durnukly ösüşini saklady

Mart 14, 2026 | 23:23 |94
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Bazardaky dürli çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, 2025-nji ýylda Hytaýyň gündelik durmuşda ulanylýan enjamlar pudagy durnukly ösüşini saklady. Bu barada Milli Statistika edarasy tarapyndan çap edilen maglumatlarda aýdylýar.

Maglumatlara görä, pudagyň esasy işewürlik girdejisi 1 trillion 970 milliard ýuana (ýagny, 286 milliard 700 million ABŞ dollaryna) barabar boldy. Pudak boýunça eksportyň umumy möçberi 111 milliard 410 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Ýokary gümrük paçlary sebäpli Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eksportyň möçberi ýyllyk görkeziji boýunça azalsa-da, Ýewropa Bileleşigine we Beýik Britaniýa iberilýän önümleriň möçberi artmagyny dowam etdirdi.

Şanhaý şäherinde geçirilen “AWE 2026” atly Elektronika we Gündelik durmuş enjamlarynyň bütindünýä sergisinde, pudagyň geljekde hem halkara derejesinde gerimini giňeltmekligini dowam etdirjekdigi barada, Hytaýyň Öý hojalyk elektrik enjamlary birleşiginiň prezidenti Szian Fen aýtdy. Häzirki wagtda Hytaýda öndürilýän öý-hojalyk enjamlarynyň 40 göterimine golaýy halkara bazarlaryna gönükdirilýär.

Pudagyň ýagdaýyndan habarly bilermenler emeli intellektli tehnologiýalaryň, öý-hojalyk enjamlarynyň dizaýnyna we gymmatyna düýpli täsirini ýetirip, pudagyň ösüşinde möhüm rol oýnajakdygyny hem bellediler.

Beýleki habarlar