AWE 2026: Emeli intellekt arkaly durmuşda “akylly” ýaşamak üçin täzeçe çözgütler görkezilýär

Mart 14, 2026 | 23:12 |81
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hepdäniň penşenbe güni Şanhaý şäherinde 2026-njy ýylyň “AWE 2026” atly Elektronika we Gündelik durmuş enjamlarynyň bütindünýä sergisi açyldy. Bu sergide halkara bazarlaryna niýetlenen, durmuşda “akylly” ýaşamak üçin täzeçe çözgütleri hödürleýän emeli intellektli tehnologiýalar görkezilýär.

Bu sergi ilkinji gezek “bir sergi, iki zolag” görnüşinde gurnalandyr. Şanhaý şäheriniň halkara işewürlik merkeziniň gündogar zolagynda goşmaça meýdança döredilip, bu sergä gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar üçin wizasyz ýurda girmäge we 30 günüň dowamynda ýurtda galmaga mümkinçilik döredildi. Bu halkara sergisine 1200-den gowrak ýerli we halkara kompaniýalary gatnaşýar.

Bu serginiň esasy zolagy 13 zaldan ybarat bolup, ol 170000 inedördül metr meýdany tutýandyr. Şeýle hem bu ýerde täze tehnologiýalar gurnalan terminallar bardyr, oňaýly döwrebap ulaglary hem-de saglygy goraýyş tehnologiýalary bolan emeli intellektli infrastruktura üpjün edilendir. Sergide öňdebaryjy ekran tehnologiýasy, emeli intellekt ornaşdyrylan enjamlar, hyzmat ediji robotlary we gündelik durmuşda ulanylmaga niýetlenen öý-hojalyk enjamlary hem-de durmuşda “akylly” ýaşamak üçin täzeçe çözgütler görkezilýär.

“AWE 2026 sergisi pudak hyzmatdaşlygy üçin dünýä derejesinde wajyp meýdança bolup, bu ýerde Hytaýyň gündelik durmuşda ulanylýan elektronikasy hem-de durmuşda “akylly” ýaşamak üçin täzeçe çözgütleri hödürleýän emeli intellektli tehnologiýalar görkezilýär” diýip, Hytaýyň Öý hojalyk elektrik enjamlary birleşiginiň ýolbaşçysy Tao Siaonýan gürrüň berdi.

Beýleki habarlar