Hytaýyň Bahar baýramynyň syýahatçylyk möwsüminde 9.4 mlrd ýolagçy gatnawlary amala aşyryldy

Hytaýyň Täze ýyl baýramy bilen bagly geçirilýän we dünýäde iň gyzgalaňly gatnaw möwsümi hasaplanýan, Bahar baýramynyň 40 günlük syýahatçylyk möwsümi hepdäniň anna güni resmi taýdan tamamlandy. Bu möwsümiň dowamynda ýurt boýunça awtoýollar, demir ýollary, howa gatnawlary we deňiz-derýa ulaglary arkaly 9 milliard 400 million ýolagçy gatnawlary amala aşyryldy.
Hytaýyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, awtomobil ýollary arkaly 8 milliard 736 milliona golaý ýolagçy gatnawlary hasaba alyndy. Demir ýollary arkaly amala aşyrylan ýolagçy saparlarynyň sany bolsa 538 milliona barabar boldy.
Deňiz-derýa ulaglary arkaly ýolagçy gatnawlarynyň sany 35 million 950 müňe ýetdi. Raýat awiasiýasy ulgamynda bolsa howa gatnawlary arkaly ýolagçy gatnawlarynyň 94 million 390 müňe ýetmegine garaşylýar.







