Innowasiýa tehnologiýalary Hytaýyň önümçilik pudagynyň özgerişligini tizleşdirýär

Hytaýyň önümçilik pudagynyň özgertmeleri we ösüşi innowasion tehnologiýalar arkaly çaltlandyrylýar. Bu barada Hytaýyň “Hisense” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we Hytaýyň Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşyna gatnaşan halk wekili Szia Şaoszian habar berdi.
Szia Şaoszian Pekin şäherinde geçirilen Halk wekilleriniň Umumymilli ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň mejlisiniň ýapylyş dabarasynyň öňüsyrasynda çykyş edip, Hytaýyň önümçilik pudagynyň ösüp barýan derejesinden käbir ugurlarda dünýäde öňdebaryjy orunlara çykandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, innowasiýa bu ösüşe esasy itergi beriji güýçdir.
Szia Şaoszian “Hisense” kompaniýasynyň displeý çip tehnologiýasyny ösdürmek boýunça 20 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barandygyny we soňky ýyllarda möhüm üstünlikleri gazanandygyny aýtdy. Bu kompaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli intellekt esasynda ýagtylyk bilen reňki utgaşykly dolandyrýan çipi hem-de arkadan yşyklandyrýan dolandyryş çipini hödürledi.
Onuň sözlerine görä, emeli intellekt tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy önümçilik pudagyna özgerişlikleri girizmek üçin täze mümkinçilikleri döredýändir, şeýle hem önümçiligi täzeçe dolandyrmaga we bazaryň talaplaryna has çalt uýgunlaşmaga şert döredýändir.







