Täze düzgünler Hytaýda müşderileriň gozgalmaýan emläge bolan höwesini artdyrýar

Şu ýylyň başynda hökümet tarapyndan girizilen birnäçe täze düzgünler Hytaýyň Pekin, Şanhaý we Wuhan ýaly iri şäherlerinde müşderileriň gozgalmaýan emlägi, ýagny ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaklyk höwesini artdyrdy.
Hepdäniň adaty iş güni bolandygyna garamazdan, Pekiniň Fentai etrabynda täze açylan satuw merkezinde ýaşaýyş jaýyny satyn almaga isleg bildirip gelen raýatlaryň sany diýseň köp. Satuwa çykarylan jaýlaryň köpüsi eýýäm öz täze eýesini tapypdyr.
“Men köp satlyk jaýlary gördum, emma bu ýerde hödürlenýän jaýlaryň bahalary maňa laýyk göründi. Şu gün satyn almak niýeti bilen ylalaşyga gol çekmegi göz öňünde tutýaryn” diýip, ýerli ýaşaýjy zenan maşgala, hanym Jiao aýdýar.
Gozgalmaýan emläklerini satyş müdiri, adatça oktýabr aýyndan soň ýaşaýyş jaýlarynyň satylyşynyň azalýandygyny, emma şu ýyl müşderileriň satyn almak isleginiň pese düşmeýändigini belledi.
“Şu ýylyň birinji ýarymynda girizilen täze düzgünler, şol sanda karz göterimleriniň peseldilmegi müşderileriň höwesini artdyrdy” diýip, Fentai etrabyndaky satuw merkeziniň müdiri Ren Szinsin aýdýar.
Pekinde täze işe girizilen birnäçe ýaşaýyş jaýlaryny satyş merkezleri ýylyň ikinji ýarymynda örän köp sanly ýaşaýyş jaýlaryny satdylar.
Ýylyň başyndan oktýabra çenli täze salnan hem-de öň ýaşalan jaýlaryň umumy söwdasy ýurt boýunça durnukly bolup galdy. Şenžen, Wuhan, Siamen ýaly iri şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň aluw-satuw söwdasy aýratyn işjeňlik görkezýär.
“Geçen ýylyň ilkinji on aýy bilen deňeşdirilende, şu ýyl ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleg boýunça görkezijiler takmynan 50 göterim ýokarlandy” diýip, Şanhaýdaky gozgalmaýan emläk agenti Wu Hongwen aýtdy.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, bazaryň umumy ýagdaýy entek doly durnuklaşmadyk hem bolsa, ýylyň başyndan bäri girizilen düzgünleriň ýetiren täsirleri gitdigiçe has aýdyň görünýär. 70 sany iri şäherde täze gurulýan satlyk jaýlarynyň bahasynyň pese düşmeginiň soňky 13 aýyň dowamynda yzygiderli azalyp gelýändigi bellendi.







