Hytaýyň logistika tehnologiýalary netijeliligi ýokarlandyrýar

Hytaýyň logistika pudagy 2025-nji ýylda döwrebap enjamlaryň we täze tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy bilen netijeliligi ýokarlandyrdy diýip, “2025 Hytaý Logistika tehnologiýasynyň ösüş hasabatynda” aýdylýar.
Robotlaryň, täze tehnologiýaly harytlary saýlamak we tertiplemek ulgamlarynyň, hem-de uçarmansyz uçurylýan enjamlar arkaly eltip gowşurmak usullarynyň giňden ulanylmagy ykdysady ösüşi goldamakda logistika pudagynyň ornuny güýçlendirdi we netijeliligi yzygiderli ýokarlandyrdy. 2025-nji ýylda logistika çykdajylarynyň jemi içerki önümdäki paýy 13.9 göterim bolup, rekord derejäni görkezdi.
“Logistika tehnologiýasynyň innowasiýasy howpsuz, täzeçe we ekologiýa taýdan arassa döwrebap ulgamy gurmagyň esasy bölegidir. Logistika enjamlarynyň eksporty pudagyň täze ösüş hereketlendirijisi bolup durýar” diýip, Hytaý Logistika we Satyn alyş federasiýasynyň wise-prezidenti Ma Zenžun habar berdi.
Eksportlar diňe harytlardan ybarat bolman, tehnologiýany, standartlary we hyzmatlary birleşdirýän bitewi çözgütleri hem öz içine alýandyr. “Bir guşak – bir ýol” başlangyjy boýunça hyzmatdaş ýurtlar esasy bazarlara öwrüldi. Bilermenler emeli intellektiň ornaşdyrylmagy bilen uçarmansyz uçurylýan enjamlar arkaly eltip gowşurmak boýunça çykdajylaryň, şeýle hem pes beýiklikli logistika ulgamlarynyň çykdajylarynyň geljekde has hem azaljakdygyny çaklaýarlar.







