Hytaýyň “sanly tokaýlary” emeli intellekt arkaly ýurdy bagy-bossanlyga öwürýär

Mart 13, 2026 | 16:40 |68
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý hökümeti sanly tehnologiýa we emeli intellekt arkaly ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek strategiýasyny kämilleşdirýär. 48-nji Milli Agaç ekiş günini bellemek bilen, Hytaý döwleti ekologiýa taýdan öňegidişlik gazanmagy we tokaýlaryň hilini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Milli Tokaý hojalygy we öri ýerleri dolandyrş müdirliginiň maglumatlara görä, ýurduň tokaýlyklarynyň tutýan meýdany 2 milliard 400 million gektardan geçdi. Tokaý örtüginiň derejesi 25% ýokarlandy, goralyp saklanýan tokaýlyklaryň göwrümi bolsa 21 milliard kub metr töweregine barabardyr. Ýurtda 142 milliard 600 million töweregi agaçlar we baglar bar, bu bolsa adam başyna ortaça 100 sany agaç düşýär diýmekdir.

Dünýädäki bag-bakjalyklaryň we ösümlikli meýdanlaryň umumy meýdanynyň dörtden biri Hytaýyň paýyna düşýändir. Dünýädäki tokaýlyklaryň meýdanlary baradaky bu maglumat “asman – howa – toprak” atly integrirlenen sanly ulgamy arkaly takyk ölçenip alnan anyk maglumatdyr.

Pekinde ýerleşýän Hytaý Tokaýçylyk akademiýasynyň emeli intellekt barlaghanasy “sanly tokaýlar” arkaly edil häzirki wagtda wirtual gezelençleri we ylym-barlag maslahatlaryny üpjün edýär. Bu şeýle hem 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň öňde goýan wezipelerine gönüden-göni hyzmat edýändir.

“Emeli intellekt tehnologiýasy bize tokaýlaryň nirede ekilendigini, olaryň tutýan meýdanyny we hilini takyk görkezýär, bu işler üçin goýberilen her bir maýa goýum serişdesi doly peýda getirýär” diýip, Hytaýyň Tokaýçylyk Akademiýasynyň Tokaý baýlyklary baradaky ylmy-barlag institutynyň ylmy işgäri Ýan Tindun gürrüň berdi.

2025-nji ýylda Hytaýyň Tokaý hojalygy we öri ýerler pudagy 11 trillion ýuan (ýagny, 1 trillion 600 milliard ABŞ dollary) möçberinde girdeji gazandy. Ekoturizm maksatly syýahatlaryň sany bolsa 3 milliarddan geçdi.

Beýleki habarlar