Hytaýyň ýokary tehnologiýa pudagynyň satuw girdejisi ýanwar–fewralda 16.1% artdy

Hytaýda ýokary tehnologiýa pudagynyň satuw girdejisi şu ýylyň ilkinji iki aýynda ýyllyk hasapda 16.1 göterim ýokarlandy. Bu barada Hytaýyň Döwlet salgyt gullugynyň ýaýradan maglumatlarynda aýdylýar.
Ýokary tehnologiýaly hyzmatlar pudagy ösüşe itergi bereji esasy güýçleriň biri boldy. Bu ugurda satuw girdejisi 17.2 göterim artdy. Ylmy-tehnologiki hyzmatlarynyň girdejisi 25.6 göterim, tebigy ylymlar boýunça ylmy-barlag we tejribe-öndürijilik işleri bolsa 17.4 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem ýokary tehnologiýaly önümçilik pudagynda satuw girdejisi 14.5 göterim artdy. Pes belentlikdäki ykdysadyýet, täjirçilik älem senagaty we sarp ediş elektronikasy ýaly ugurlarda hem ösüş gazanyldy. Olaryň täsiri bilen älem enjamlaryny öndürmek pudagynyň girdejisi 28.5 göterim, elektronika we aragatnaşyk enjamlaryny öndürmek pudagynyň girdejisi bolsa 18.4 göterim ýokarlandy.
Mundan başga-da, ylmy barlag we tehniki hyzmatlar pudagynyň satuw girdejisi 23.6 göterim ýokarlandy, intellektual eýeçilik (patent) esasly pudaklaryň girdejisi bolsa 12.8 göterim ösüş görkezdi.







