Hytaý bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda ýolagçy otly gatnawlary täzeden ýola goýuldy

Hytaý bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasynda 6 ýyl mundan öň togtadylan iki taraplaýyn halkara ýolagçy otlularynyň gatnawlary resmi taýdan täzeden ýola goýuldy.
Ýolagçy otlulary häzirki wagtda Pekin bilen Phenýan şäherleriniň arasynda, şeýle hem Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Dandun şäheri bilen Phenýan şäheriniň aralygynda hereket edýär. Dandun – Phenýan aralygyndaky ilkinji ýolagçy otlusy Pekin wagty bilen sagat 10:00-da ugrady we ýerli wagt bilen sagat 18:00 töweregi Phenýan şäherine baryp ýetdi. Pekinden ýola düşen beýleki ýolagçy otlusy Dandun şäherinde durup, anna güni Phenýan şäherine barar.
Ýolagçy otlulary Dandun – Phenýan ugry boýunça gatnawlary gündelik ýerine ýetirerler. Pekin – Phenýan aralygynda bolsa hepdede dört gün ýolagçy otlularynyň gatnawlary amala aşyrylar. Bu ýolagçy otlularynyň gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagy syýahatçylygy ýeňilleşdirip, serhetara baglanyşygy gowulandyrmaga hem-de ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik döreder.







