Hytaý täze tehnologiýaly enjamlaryň önümçiligini tizleşdirýär

Mart 12, 2026 | 17:28 |56
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň önümçilik kärhanalary ösüp barýan senagat pudaklarynyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen sanly dolandyrylýan täze tehnologiýaly enjamlaryň ylmy-barlag we işläp düzmek işlerini batly depginde alyp barýar.

Sanly dolandyrylýan enjamlara täzeçilik girizmek üçin öň iki - üç ýyl wagt zerur bolan bolsa, indi Guandun welaýatynyň Donguan şäherindäki inženerler bäş okly sanly dolandyrylýan enjamlary bir ýylyň içinde täzelemegi başardylar. Bu enjam çylşyrymly bölekleri öndürmekde ýokary netijeliligi berýär diýip, kompaniýanyň ylmy-barlag – işläp taýýarlaýyş bölüminiň müdiri Huan Yunşen düşündirdi. Başga bir kompaniýa elektromobiller pudagynyň batly depginde ösüşine laýyklykda özüniň enjamlaryny kämilleşdirýär.

2025-nji ýylda Hytaýyň ýokary tehnologiýaly önümçiligi ýyllyk 9.4% ösüş görkezdi. Enjam-gural önümçilik pudagy 42 milliard 100 million ýuan (ýagny, 6 milliard 90 million ABŞ dollary) möçberinde girdeji gazandy, bu geçen ýyla görä 58.6% ýokarydyr. Polatdan – metaldan önüm taýýarlaýan enjamlaryň – stanoklaryň önümçiligi 219 milliard 800 million ýuana (ýagny, 31 milliard 800 million ABŞ dollaryna) barabar boldy we ýyllyk 6.9% ösüş görkezdi. Enjamlaryň – stanoklaryň eksportynyň möçberi 23 milliard 180 million ABŞ dollaryna barabar boldy, bu 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6.7% köpdür. Degerli netije berýän döwlet syýasatlary we tehnologiýalaryň yzygiderli täzelenmegi Hytaýda öndürilýän enjamlaryň – stanoklaryň halkara bäsdeşlik ukybyny artdyrdy.

Beýleki habarlar