Hytaýyň ýokary tizlikli demirýol ulgamyna täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Hytaýyň demirýol ulgamynda geçirilen synaglarda täze CR450 ýokary tizlikli otlynyň tizligi sagatda 450 km. ýetdi. Bu öňegidişlik ýurduň ösen önümçilik pudagynda tehnologiýa arkaly senagaty täzeçe ösdürmeklige itergi berer.
Täze CR450 ýokary tizlikli otlusy häzirki wagta çenli ýurduň demirýol ulgamynyň 300 000 kilometre golaý ýolunda synagdan geçirildi we baha beriş işleriniň ýarysyndan gowragy tamamlandy diýip, Hytaý Demirýol Ylymlary Akademiýasynyň baş ylmy işgäri Çžao Hunweý habar berdi. Özbaşdak intellektual eýeçilik hukugy bilen işlenip taýýarlanan CR450 ýokary tizlikli otlusy Hytaýyň senagat üpjünçilik zynjyrlaryny güýçlendirýär we maşyngurluşyk, metallurgiýa, elektronika we himiýa pudaklaryny ösdürýär.
“Ýokary tizlikli otlusy 40000-den gowrak böleklerden we şaýlardan ybarat bolup, birnäçe gözegçilik ulgamyny öz içine alýar. Şeýle taslamalar giň senagat zynjyryny awtomatiki taýdan ösdürýär” diýip Çžao Hunweý sözüniň üstüni ýetirdi.
Hytaý hökümeti tehnologiýany we senagat innowasiýasyny doly utgaşdyrmaklygy maksat edinýär. “Ylmy üstünlikler senagatyň ösüşine we esasy önümçilik üpjünçilik zynjyrlarynyň täzelenmegine öwrülmelidir” diýip, Senagat we Maglumatlar tehnologiýasy ministri Li Leçen belledi.







