Hytaý suw-batgalyk ekoulgamlaryny goramakda möhüm ösüş gazandy

Soňky ýyllarda Hytaýda suw-batgalyk ekoulgamlaryny goramak boýunça möhüm öňegidişlikler gazanyldy. Bu öňegidişlikler birnäçe sebitde suwuň hiliniň gowulanmagy we biologiki dürlüligiň artmagy bilen baglanyşyklydyr.
Hytaýyň Hubeý welaýatynyň Çangian Tusza awtonom etrabynda ýerleşýän Sinszian Milli suw-batgalyk zolagy 3 600 gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Onuň 52.15 göterimi suwly batgalyk ýerlerden ybarat bolup, bu ýer ösümlik we haýwanat dünýäsiniň 1 078 görnüşi üçin ýaşaýyş mekanydyr. Olaryň 33-si döwlet tarapyndan goralýan görnüşlerdir. Hytaý merganserleriniň soňky üç ýylyň dowamynda bu ýerde gyşlamagy sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanýandygyny görkezýändir.
Sinszian welaýatynyň Taşkorgan Täjik awtonom etrabynyň Pamir platosyndaky buzluklary, kölleri we suw-batgalyk ýerleri goramak boýunça çäreler güýçlendirildi. Sonar meýdanlary we suw-batgalyklary dikeltmek hem-de ösdüriş çärelerine berk gözegçilik etmek arkaly sebitiň ekologik ýagdaýy kem-kemden gowulaşýar.
Hytaýyň Henan welaýatyndaky Danszian Milli Tebigy Goraghanasy Günortadan Demirgazyga Suw geçiriş taslamasynyň orta ugrunyň esasy suw çeşmesi we ekologiki gorag zolagydyr. Bu ýerde alnyp barylýan gorag-gözegçilik çäreleriniň netijesinde suwuň hili ýylyň dowamynda II derejede ýa-da ondan hem ýokary derejede saklanýar. Bu zolak gara leglekler, Hytaý merganserleri we ibis ýaly seýrek duş gelýän guşlar üçin möhüm ýaşaýyş mekany bolup hyzmat edýär.







