Önümçilik şertleri we zehinler ylmyň we tehnologiýanyň ösüşine itergi berýär

2025-nji ýylda Hytaýyň gündogaryndaky Žesian welaýatynyň Wužen şäherinde geçirilen Dünýä Internet Maslahatyna gatnaşan telekeçiler Hytaýyň ýokary depginde özgerýän önümçilik şertleriniň hem-de öz işine ussat zehinleriň täze tehnologiýalaryň ösmegine güýçli itergi berendigini belläp geçdiler.
Žesian welaýatynyň Hanžou şäherinde täze başlan, il arasynda “Kiçijik alty aždarhalar” ady bilen tanalýan alty sany tehnologiýa taslamalarynyň esaslandyryjylary bu barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
BrainCo kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş ýerine ýetiriji direktory Han Biçeng Hytaýyň Merkezi Telewideniýesi bilen geçiren ýörite söhbetdeşliginde, Hytaýyň diňe bir öňdebaryjy önümçilik infrastrukturasyna eýe bolman, eýsem ýurtda köp sanly zähmetsöýer we öz işine ussat hünärmenleriň bardygy, munuň bolsa bolsa öz gezeginde beýni-kompýuter interfeýsleri ýaly täze tehnologiýalary ösdürmekde iň amatly gurşawy döredýändigini belläp geçdi.
“Beýni-kompýuter interfeýsi esasan gaty ýokary takyklygy talap edýän maddy enjamlardan ybaratdyr. Biz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda şeýle enjamlary öndürip biljek ýer gözleýärdik. Dogrusyny aýtsak, Hytaý döwletiniň dünýäde öňdebaryjy enjamlary öndürip bilýän iň amatly ýerdigine biz göz ýetirdik. Biz Hytaýyň uly artykmaçlygyň bardygyny öwrendik, ýagny köp sanly öz işine ussat zehinleriň, zähmetsöýer ýaşlaryň bardygyny anykladyk” diýip, Han Biçeng düşündirýär.
Manycore Tech kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Huan Siaohuan hem öz kompaniýasynyň diňe bir Hytaý bazary bilen çäklenmän, eýsem dünýä derejesinde ynsan durmuşyny has-da kämilleşdirip biljek tehnologiýalary döretmekligi maksat edinýändigini aýtdy.
“Biz meseleleri öwrenenimizde, diňe Hytaý bazary bilen çäklenmeýärdik. Şeýle hem öz döreden önümlerimiziň umumy adamzat durmuşyny oňyn özgertmäge mümikinçilik döretmekligine ymtylýarys. Şeýle geljegi döretmek hem biziň maksadymyzdyr” diýip, Huan sözüniň üstüni ýetirdi.







