2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň daşary söwdasy garaşylanyndan ýokary ösüş görkezdi

2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda Hytaýyň daşary söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18.3 göterim artyp, 7 trillion 730 milliard ýuana (ýagny, 1 trillion 120 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy. Bu barada hepdäniň sişenbe güni çap edilen resmi maglumatlarda habar berilýär.
Eksport möçberi 4 trillion 620 milliard ýuana barabar bolup, 19.2% ýokarlandy, import möçberi bolsa 3 trillion 110 milliard ýuana ýetip, 17.1% artdy. Bu sanlar daşarky bazarlarda islegleriň durnuklydygyny hem-de ýurduň içerki bazarynda sarp edijilik derejesiniň saklanýandygyny görkezýändir.
Günorta – Gündogar Aziýa ýurtlary bilen söwdanyň möçberi 20.3 göterim ýokarlanyp, 1 trillion 240 milliard ýuana barabar boldy. Ýewropa Bileleşigi bilen söwda 19.9 göterim artyp, 998 milliard 940 million ýuana barabar boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen söwda möçberi bolsa 609 milliard 710 million ýuan – 16.9 göterim azaldy. “Bir guşak – bir ýol” başlangyjyna gatnaşýan ýurtlar bilen söwda 20 göterim artyp, 4 trillion 20 milliard ýuana ýetdi.
Söwdada hususy kärhanalar uly işjeňlik görkezdiler. Olaryň söwda dolanyşygy 4 trillion 510 milliard ýuana ýetip, 22.8 göterim ýokarlandy, we umumy söwda möçberiniň esasy bölegini düzdi. Daşary ýurt maýa goýumly kompaniýalaryň söwdasy 15.3 göterim artyp, 2 trillion 200 milliard ýuana barabar boldy. Döwlet kärhanalarynyň söwda möçberi 1 trillion ýuana ýetip, 7.4 göterim ýokarlandy.
Bilermenler bu gazanylan ösüşi dünýä bazarlarynda islegleriň artýandygy, Hytaý önümçiliginiň bäsdeşlik artykmaçlyklary, söwdany goldaýan syýasatlaryň irki döwürde durmuşa geçirilmegi hem-de bazarlardaky işjeňligiň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle oňyn başlangyç 2026-njy ýylyň dowamynda daşary söwdanyň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlanmagyna berk binýat döredýär.







