2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň maşyngurluşyk we elektron önümleriniň eksporty 24% artdy

2026-njy ýylyň ýanwar – fewral aýlarynda Hytaýyň maşyngurluşyk we elektron önümleriniň eksporty 2 trillion 890 milliard ýuana (ýagny 418 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24.3% ýokarydyr – bu barada Hytaýyň Gümrük Gullugynyň maglumatlarynda aýdylýar.
Önümçilik robotlary, öňdebaryjy maşyngurluşyk enjamlary we oba hojalyk tehnikasy ösüşe esasy itergi beriji güýçler boldy. Sziansu welaýatynyň Çaňçžou şäherindäki öndüriji kärhanalar önümleriň dizaýnlarynyň dünýä bazarlaryndaky müşderileriniň isleglerine laýyklaşdyrylandygy barada habar berdiler. Ekwadordaky süw jandarlaryny ösdürip ýetişdirýän kärhana üçin kislorod enjamlary we Afrikanyň tozanly sebitleri üçin üç gatlakly howany arassalaýjy süzgüçlerini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
Çaňçžou şäheri üstümizdäki ýylyň diňe ilkinji iki aýynda 600 million ýuan (ýagny 86 million 800 müň ABŞ dollary) möçberinde oba hojalyk tehnikasyny eksport edip, 12% ýyllyk ösüş görkezýär. Esasy eksport edilýän harytlar traktorlardan, ýapraklary kesýän enjamlardan we oba hojalyk enjamlaryndan ybaratdyr. Harytlar esasan “Bir guşak – bir ýol” başlangyjyna gatnaşýan ýurtlara eksport edilýär, şonuň ýaly-da Ýewropa Bileleşigine we Merkezi Aziýa ýurtlaryna hem eksport edilýär.
Bilermenler Hytaýyň oba hojalyk tehnikasynyň ýokary hilli, döwrebäp we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara geçýändigini, halkara derejesinde bäsdeşlik ukybyny ep-esli ýokarlandyrýandygyny belleýärler. Umumi eksport we import geleşikleriniň netijesinde Hytaýyň daşary söwdasy 18.3% artyp, jemi söwda dolanyşygy 7 trillion 730 milliard ýuana (ýagny 1 trillion 120 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy. Eksport möçberi 4 trillion 620 milliard ýuana barabar bolup, 19.2% ýokarlandy, import möçberi bolsa 3 trillion 110 milliard ýuana ýetip, 17.1% artdy.







