Hytaýda uly göwrümli ýer gatlaklaryny bölüji enjam ilkinji gezek ulanmaga berildi

Mart 12, 2026 | 04:22 |87
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hepdäniň sişenbe güni Hytaýda ýer gatlaklaryny bölüji uly göwrümli integrirlenen enjam ýurduň gündogaryndaky Žeszian welaýatynyň Žoushan şäherinde resmi taýdan ulanmaga berildi.

Haiyang Shiyou 696 diýlip atlandyrylan bu enjam ýakyn wagtda Bohai deňzi ýaly uzakdaky deňiz nebit ýataklaryndaky işlerde ulanylar. Bu enjam deňiz düýbündäki pes geçirijilikli nebit we gaz ýataklarynda gatlaklary bölüş amallaryny ýerine ýetirip, önümçiligi ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

Şeýle görnüşli gatlaklary bölüji uly göwrümli integrirlenen enjam deňizdäki çylşyrymly nebit-gaz serişdelerini netijeli özleşdirmek üçin möhüm tehniki gural hasaplanýar. Haiyang Shiyou 696 enjamynyň ulanmaga berilmegi Hytaýyň deňizdäki gatlaklary bölüş tehnologiýasyndaky ýetmezçiligi aradan aýryp, ýurduň deňiz energetikasyny ösdürmäge we energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam berer.

Gbu enjam şeýle hem deňiz şertlerinde gatlaklary bölüş amallary üçin Hytaýda ilkinji gezek döredilen täze tehnologiýaly dolandyryş merkezi bilen üpjün edildi. Bu ulgam edil häzirki wagtda maglumat ýygnamaga, seljerme geçirmäge we emeli intellektiň kömegi bilen çözgüt kabul etmäge mümkinçilik berýär diýip, Hytaýyň Deňiz Nebit korporasiýasynyň Bohai nebit ýataklary boýunça ylmy-barlag institutynyň maglumatynda aýdylýar.

Beýleki habarlar