Hytaýda adam şekilli robotlar ylmy fantastikany hakykata öwürýär

Mart 11, 2026 | 18:21 |69
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda adam şekilli robotlary gündelik durmuşa we senagat ulgamyna giňden ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şanhaý şäherinde AgiBot kompaniýasy tarapyndan geçirilen “Robot Gala” çäresinde robotlaryň özbaşdak çykyşy görkezilip, hereketi dolandyrmak we kompýuter görüjiligi we döredijilik tehnologiýalaryndaky täze öňegidişlikler tanyşdyryldy.

Hytaýyň Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlaryna görä, geçen ýyl dünýä boýunça satylan adam şekilli robotlaryň her onusyndan sekizisi Hytaýda öndürilendir. Häzirki wagtda bu ugurda ýurduň çäginde 140-dan gowrak kompaniýalar bäsleşýär.

Robotlar diňe güýmenje bolmak bilen çäklenmän, önmçilikde we senagatda iş ýerlerine hem giňden ornaşdyrylýar. Beýik Britaniýada işleýän hytaýly inžener Çan Lýu robotlaryň adamlaryň özara gatnaşygy arkaly öwrenmegine mümkinçilik berýän programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýar. Onuň sözlerine görä, şeýle tehnologiýalar önümçilikde robotlaryň ulanylyşyny giňeldip, el güýjüniň ýetmezçiligini azaltmaga we öndürijiligi ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Robotlaryň ulanylyş ugurlary barha giňelýär: häzirki wagtda olar Şanhaýdaky käbir dükanlarda müşderileri garşy alýar, şeýle hem okuw sapaklarynda mugallymlara kömek edýär. AgiBot kompaniýasy Hytaýdaky orta mekdepleriň biri bilen hyzmatdaşlykda robototehnika boýunça bilim maksatnamalaryny hem alyp barýar.

Adatça robotlary taýýarlamak köp wagt we serişdeleri talap edýär. Kembrij uniwersitetiniň ylmy işgäri Elliot Wu robotlaryň wideolary synlamak arkaly öwrenmeklige mümkinçilik berýän täze programma üpjünçiligini döredýär. Onuň bellemegine görä, bu usul maglumat ýygnamak işini ýüzlerçe, hatda müňlerçe esse çaltlaşdyryp biler.

Beýleki habarlar