Hytaýyň ýokary kazyýeti emeli intellekt we maglumat hukuklary boýunça görkezmeleri taýýarlaýar

Mart 11, 2026 | 18:18 |77
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Ýokary halk kazyýeti emeli intellekt we maglumatlar bilen bagly hukuk meselelerini düzgünleşdirmek maksady bilen täze kazyýet görkezmelerini taýýarlamak boýunça iş alyp barýar. Bu barada hukuk bilermeni habar berdi.

Häzirki wagtda Mejlise hödürlenen Ýokary halk kazyýetiniň iş hasabatynda, emeli intellekt arkaly döredilen mazmunyň özboluşlylygy we maglumatlaryň okuw maksady bilen ulanylmagynyň kanunylygy bilen baglanyşykly jedelleri çözmek üçin kazyýet syýasatlarynyň taýýarlanýandygy aýdylýar. Bu meseleler emeli intellekt arkaly döredilen işleriň awtorlyk hukugy bilen goralmagy we bar bolan eserleriň esasynda emeli intellekt modellerini taýýarlamagyň kanuna laýyklygy baradaky çekişmeleri güýçlendirdi.

Hytaýyň Ýokary Halk Kazyýetiň Üçünji raýat bölüminiň baş kazysy Li Sziýanyň bellemegine görä, intellektual eýeçilik hukuklary bir tarapdan innowatorlary goraýan serişde bolsa, beýleki tarapdan jemgyýetçilik bähbitlerini sazlaýjy möhüm guraldyr. Şonuň üçin innowatorlaryň, bäsdeşleriň, ulanyjylaryň we jemgyýetiň bähbitleriniň arasynda deňagramlylygy saklamak möhüm hasaplanýar.

Kazyýet emeli intellekt bilen bagly işlerde ösüş bilen howpsuzlygyň arasynda deňagramlylygy üpjün etmegiň zerurdygyny nygtaýar. “Biz emeli intellekt pudagynyň sagdyn we tertipli ösüşini höweslendirmek üçin ýol görkeziji resminamalary taýýarlap bilýäris” diýip, Li Sziýan aýtdy.

2025-nji ýylda Hytaýda kazyýetler tarapynda maglumat eýeçiligi we maglumat amallary bilen bagly 908 sany jedellere garaldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 25.6 göterim ýokarydyr. Häkimiýetler maglumat eýeçiligi boýunça esasy hukuk çarçuwasynyň kemala gelendigini belleýär, emma kanunçylyk, düzgünleşdirme we jedelleri çözmek ulgamlarynyň arasynda utgaşykly hereketleriň zerurdygyny hem-de bar bolan kanunlaryň çäginde şahsy maglumatlaryň we şahsy durmuşyň goragynyň doly üpjün edilmelidigini nygtaýarlar.

Beýleki habarlar