Hytaý we ABŞ ýokary derejeli alyş-çalyşlar üçin amatly gurşawy döretmelidir — Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-i

Mart 10, 2026 | 10:48 |60
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý we Amerikanyň Birleşen Ştatlary iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli alyş-çalyşlar üçin amatly gurşaw döretmelidir. Bu barada Hytaýyň daşary işler ministri Wan I ýekşenbe güni Pekinde, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň 4-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen metbugat maslahatynda mälim etdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowalyna jogap berip ministr, hytaý-amerikan gatnaşyklarynyň ösmeginde iki döwletiň Baştutanlarynyň ornuny aýratyn belledi. Ol iki ýurduň döwlet ýolbaşçylary oňyn nusga görkezýändiklerini belledi: ýokary derejede konstruktiw hyzmatdaşlygy saklamak bilen, olar ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak we ösdürmek üçin strategik goragy üpjün etdiler. Munuň netijesinde, gatnaşyklary dürli kynçylyklardan we bökdençliklerden soňra ýene-de kadaly ýagdaýa getirmek başartdy.

Wan I şu ýylyň hytaý-amerikan dialogy üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Ýokary derejeli alyş-çalyşlaryň gün tertibi eýýäm maslahatlaşylýar we taraplaryň ikisi hem oňa düýpli taýýarlyk görmekligi zerurdyr. Amatly gurşawy döretmek, bar bolan töwekgelçilikleri dogry dolandyrmak we özara gatnaşyklaryň ýolundaky zerur bolmadyk bökdençlikleri aradan aýyrmak möhümdir.

Ministr Hytaýyň elmydama hyzmatdaşlyga taýýardygyny we täze garaýyşlar üçin açykdygyny nygtady. Şunda amerikan tarapynyň hem şol bir ugurda hereket etmegi örän zerurdyr. Wan Iniň pikirine görä, eger iki tarap hem biri-birine ak ýürekden we ygrarly çemeleşse, hyzmatdaşlyk edilýän ugurlary giňeltmek we meseleli soraglaryň sanyny azaltmak mümkin bolar.

Döwlet Baştutanlarynyň strategik ýolbaşçylygynda ýurtlar iki halkyň hem isleglerini kanagatlandyrjak netijelere ýetip bilerler, şeýle hem bütin dünýä tarapyndan goldanylýan ylalaşyklara eýe bolarlar. Netijede, bu 2026-njy ýylyň hytaý-amerikan gatnaşyklarynyň durnukly we yzygiderli ösüşiniň ähmiýetli tapgyryna öwrülmegine mümkinçilik berer diýip, ministr sözüni jemledi.

Ýurduň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň her ýylky geçirilýän sessiýasy 12-nji marta çenli dowam eder.

Beýleki habarlar