Sanýa (Hytaý) — Irkutsk (Russiýa) ugry boýunça täze howa gatnawy açyldy

Mart 10, 2026 | 10:46 |58
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Ýekşenbe güni “Sanýa — Irkutsk” ugry boýunça ýolagçy howa gatnawy resmi taýdan işe başlady. Bu ugur “Sanýa Feniks” halkara howa menzili tarapyndan 2026-njy ýylda ýola goýlan ilkinji halkara ýolugçy gatnawydyr.

Ýekşenbe güni sagat 01:40-da “Russiýa howa ýollary” kompaniýasynyň Irkutskdan ugran ýolugçy uçary Hytaýyň tropiki Haýnan adasyndaky “Sanýa Feniks” halkara howa menzilinde üstünlikli gondy. Bu waka täze howa ugrunyň resmi taýdan açylandygyny alamatlandyrdy.

Gatnawlar “Airbus A320” uçarlarynda hepdede üç gezek amala aşyrylýar: gatnawlar Sanýa şäherine sişenbe, anna we ýekşenbe günleri gelýärler we şol ýerden ugraýarlar. Täze ugruň açylmagy bilen, “Sanýa Feniks” howa menzili Russiýanyň 11 sany şäheri bilen göni howa gatnawyny ýola goýdy — bu bolsa hepdede jemi 26 gatnaw diýmekdir.

Gündogar Sibiriň merkezinde ýerleşýän Irkutsk — möhüm ulag çatrygy we köp sanly syýahatçyny özüne çekýän meşhur medeni hem-de syýahatçylyk şäheridir.

Beýleki habarlar