15-nji Milli oýunlary Uly aýlag sebitinde syýahatçylygyň ösmegine itergi berýär

Noýabr 19, 2025 | 20:30 |83
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň 15-nji Milli oýunlary Guandun-Gonkong–Makao sebitlerinde syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berdi. Myhmanlar bu ýere diňe bir ýaryşlara tomaşa etmek üçin däl-de, eýsem şäherleriň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin hem gelýärler.

Ýaryşa gatnaşýan toparlaryň käbirleri üçin bu çäreler Şenženäki seýilgählere, kenar zolaklaryna hem-de meşhur syýahatçylyk ýerlerine erkin giriş mümkinçiligini berýär. Şonuň netijesinde, gurnalýan bu ýaryşlar birnäçe günlük gezelençlere öwrülýär.

«Biz Şenžene Milli oýunlaryna tomaşa etmäge geldik, biz şeýle hem Lotus Mountain seýilgähine, Happy Harbor seýilgähine hem-de “Beýik aýlagyň gözi” atly belent bina hem baryp görmegi göz öňünde tutýarys. Milli oýunlarynda Guandun guramaçy şäherleriň biridir, biz hemmeleri bu baýramçylyga gatnaşmaga çagyrýarys!» – diýip, Guançžoudan gelen syýahatçy Lai Sýaohen aýdýar.

Bu ýyl ilkinji gezek Guandun welaýatynyň, Gonkonguň we Makaonyň bilelikde Milli oýunlaryny gurnamagy giň gyzyklanma döredip, meşhur ýaryşlaryň petekleri sähel salymyň içinde satylyp gutarýar.

GZL International Travel Service kompaniýasynyň kommunikasiýa direktory Guan Sianynyň sözlerine görä, 2025-nji ýylyň noýabrynda Beýik aýlaga gelen syýahatçylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 30 göterim artar.

Geçirilýän oýunlar myhmanhanalaryň, restoranlaryň hem-de syýahatçylyk kärhanalarynyň hyzmatlaryna bolan islegi ep-esli artdyrdy.

Lounge Bridge restoranyna gelýän müşderileriň sany 30 göterim ýokarlandy. «Bu oýunlar biziň işimizi has-da ösdürýändigine şeýle begenýäris» – diýip, restoranyň esaslandyryjysy Su Hailun belleýär.

Skytel Shenzhen Shekou myhmanhanasynyň ýolbaşçysy Ýe Çanliniň aýtmagyna görä, myhmanhana gelip-gidýänleriň ýyllyk görkezijisi 18 göterim ýokarlandy, biziň iň halanýan otaglarymyz bolsa dynç günleri satylyp gutarýar.

15-nji Milli oýunlary – Hytaýyň iň iri köpugurly sport çäresi bolup, 9–21-nji noýabr aralygynda 14 müňden gowrak ussat türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýär. Çäräniň ýapylyş dabarasy Şenžende geçiriler.

Beýleki habarlar