Şençžen gümrükhanasy emeli aňyň kömegi bilen salgytlary yzyna gaýtarmaklygy çaltlaşdyrdy

2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda Hytaýyň günortasyndaky tehnologiýa merkezi bolan Şençženiň Gümrük gullugy, daşary ýurda gidilende salgytlary yzyna gaýtarmak baradaky arzalary işläp taýýarlamagyň netijeliliginiň ep-esli ýokarlanandygyny hasaba aldy. Muňa emeli aňyň (EA) ornaşdyrylmagy netijesinde ýetildi.
Ýanwar we fewral aýlarynda gümrük gullugy 310 million ýuan (takmynan 44,94 million ABŞ dollary) möçberindäki salgydy yzyna gaýtarmak baradaky 19 müň arzanyň üstünde iş alyp bardy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiler degişlilikde 1,7 we 10 esse ýokarlandy.
Yzyna gaýtarylýan harytlaryň arasynda elektronika — mobil telefonlar we planşetler — şeýle hem gündelik sarp edilýän harytlar: eşikler we torbalar agdyklyk edýär.
Şençžen serhetüsti syýahatçylar üçin “bir sahypa, bir torba, bir kod” ýörelgesi boýunça goşulan baha üçin salgydyny yzyna gaýtarmak hyzmatyny ýola goýan Hytaýdaky ilkinji şäher boldy. Bu çäre geçen ýylyň sentýabr aýyndan bäri şäheriň ähli ýerindäki salgydy yzyna gaýtaryş nokatlarynda hereket edýär. Onuň netijesinde serhetden geçýän alyjylar möhürlenen haryt torbalarynyny açmazdan gümrük gözegçiliginden geçip bilýärler.
Şençžen gümrükhanasynyň işgäri Çžan Peýszýa edaranyň salgydy yzyna gaýtarmagyň ýönekeýleşdirilen hyzmatyny işjeň durmuşa geçirýändigini belledi. Emeli aňyň köp ugurly nusgasy barlag wagtyny ep-esli gysgaltmaga kömek edýär: bir arza boýunça has çalt iş amaly bary-ýogy bir minut wagty alýar.
Häzirki wagtda Şençžende 2 müňden gowrak salgydy yzyna gaýtaryş nokady işleýär.







