2025-nji ýylda Hytaý 150 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi — ösüş 17%

2025-nji ýylda Hytaý 150 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa ondan öňki ýyl bilen deňeşdireniňde 17 göterim köpdür. Bu barada Medeniýet we syýahatçylyk ministri Sun Ýeli şenbe güni Pekinde geçirilýän Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň 4-nji sessiýasynyň çäklerinde bolan metbugat maslahatynda mälim etdi.
Ministr myhmanlaryň sanynyň artmagyna wizasyz düzgüniň we wizasyz üstaşyr syýasatynyň ýardam edendigini belledi. Şunlukda, 30 milliondan gowrak daşary ýurt raýaty ýurda wizasyz girdi. Şunuň bilen birlikde daşary ýurtly syýahatçylaryň çykdajylary geçen ýyl bilen deňeşdirilende 40 göterimden gowrak artyp, 130 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.
Sun Ýeli, şeýle hem, daşary ýurtly gelýänler üçin tölegleri ýönekeýleşdirmekde, aýratyn-da, mobil hasaplaşyklar ulgamynda uly öňegidişlikleriň bolandygyny nygtady. Geçen ýyl syýahatçylaryň mobil tölegler arkaly eden çykdajylary takmynan 80 milliard ýuana (11 milliard ABŞ dollara golaý) ýetdi.
Mundan başga-da, daşary ýurtlylaryň haryt satyn almak boýunça islegleri giňelýär we dürlileşýär. Meşhur harytlaryň arasynda — elektronika (smartfonlar, dronlar, wirtual hakykat äýnekleri), medeni we döredijilikli önümler, şeýle hem ýörite ýygnalýan oýunjaklar bar. Bu önümler myhmanlar tarapyndan barha köp derejede Hytaýyň nepis we ýokary hilli harytlary hökmünde kabul edilýär.
Söwda-satykdan başga-da, daşary ýurtly syýahatçylar hytaýlylaryň gündelik durmuşy bilen tanyşmaga barha işjeň isleg bildirýärler. Ministriň aýtmagyna görä, ýokary tizlikli otlylarda syýahat etmek, dronlaryň yşyk şoularyna tomaşa etmek, adaty hytaý massažy, hanfu (hytaýyň milli lybasy) geýmek, ýyly suw içmek we başga-da köp zatlar myhmanlar üçin hökmany meýilnama öwrüldi. Bularyň hemmesi gelýänlere Hytaýyň hakyky lezzetini duýmaga kömek edýär.







