Hytaýda 2030-njy ýyla çenli 100 müň uçýan taksiniň peýda bolmagy çaklanylýar

Hytaý pes beýiklikdäki awiasiýa pudagyny işjeň ösdürýär we dik ýokary uçup-gonup bilýän elektrik uçarlaryny ornaşdyrýar. Bilermenleriň çaklamagyna görä, 2030-njy ýyla çenli ýurtda şeýle enjamlaryň 100 müňden gowragy ulanyşda bolar. Bu diňe bir şäher ulag ulgamyny üýtgetmek bilen çäklenmän, eýsem ykdysady ösüş üçin täze güýçli itergi hem bolar.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, uçýan taksileriň ilkinji täjirçilik ugurlary hytaý şäherlerinde eýýäm iki ýylyň dowamynda açylyp biler. Muňa önümçilik binýadynyň bolmagy, ösen üpjünçilik zynjyrlary hem-de möçberi geljek on ýylda takmynan 500 milliard ýuana ýetjek diýlip çaklanylýan pudak ýardam edýär.
Hytaýyň dron öndürijisi EHang birnäçe ýyllap eVTOL enjamlaryny synagdan geçirdi. Häzirki wagtda onuň on alty perli häzirki zaman prototipleri adaty dikuçarlar bilen deňeşdirilende howada has ýokary durnuklylygy üpjün edýär.
Täze ulag görnüşi ulag dyknyşyklary meselesini çözmäge we megalopolisleriň çäginde adamlary çalt daşamaga niýetlenendir. Uçuşlar «pes asman» diýlip atlandyrylýan giňişlikde, 1000 metre çenli beýiklikde amala aşyrylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, bu dünýäniň iň beýik binasy bolan Burj-Halifa bilen deňeşdirilende birneme ýokarydyr.
Taslamanyň möhüm artykmaçlyklarynyň biri hem bu enjamlaryň bölekleriniň takmynan 80 göteriminiň eýýäm elektrik awtoulaglarynyň önümçiliginde ulanylýandygydyr. Munuň netijesinde Hytaý täze tehnikanyň önümçiligini gysga wagtda giňeltmäge ukyply bolar. Ýolagçy daşamakdan başga-da, şeýle enjamlary ýük daşamakda, gyssagly kömek hyzmatlarynda we ýangyn söndürmekde ulanmak meýilleşdirilýär.
Hytaýyň Raýat awiasiýasy müdirliginiň çaklamagyna görä, geljek on ýylyň dowamynda bu bazaryň möçberi takmynan 500 milliard ýuana ýetip biler. Dollar ekwiwalentinde hasaplanylanda bu takmynan 72,5 milliard dollara deňdir.







