Hytaý Halk Respublikasynyň hökümeti milli strategiýalary goldamak üçin trillionlarça ýuan bölüp berer

Häzirki wagtda geçirilýän Ählihytaý Halk wekilleriniň ýygnagynyň sessiýasynda 2026-njy ýyl üçin býujet taslamalary hödürlendi.
Resminamalaryň taslamasyna görä, hökümet umumy möçberi 1 trillion 300 milliard ýuana deň bolan ýörite döwlet karzlaryny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu takmynan 190 milliard amerikan dollaryna deňdir. Bu serişdeler möhüm milli strategiýalary durmuşa geçirmek we strategiki ugurlarda howpsuzlygy berkitmek üçin gönükdiriler.
Bölünip berlen serişdeleriň ep-esli bölegi enjamlary täzelemek maksatnamalaryna hem-de sarp edijilik islegini höweslendirmäge gönükdiriler. Hususan-da, köne awtoulaglaryny we öý tehnikalaryny täze, sanly we intellektual modeller bilen çalyşýan raýatlar üçin subsidiýalar göz öňünde tutulýar. Döwlet bu goldawyň gerimini giňeltmegi hem-de töleg standartlaryny kämilleşdirmegi meýilleşdirýär.
Mundan başga-da, ýurtda 100 milliard ýuan möçberinde ýörite utgaşdyryjy gazna döredilýär. Onuň esasy maksady ýeňillikli karzlar we döwlet kepillikleri arkaly hususy maýa goýumlaryny hem-de sarp edijiligi goldamakdyr.
Bilermenleriň bellemegine görä, býujet serişdeleri bilen maliýe institutlarynyň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi güýçli sinergiýa täsirini döredýär.
Hünärmenler şeýle utgaşdyrmanyň möhümdigini aýratyn nygtaýarlar. Döwletiň maliýe goýumlary ugrukdyryjy orun eýeleýär, banklar bolsa zerur maýa akymyny üpjün edýär.
Şeýle hyzmatdaşlyk az çykdajy bilen kiçi we orta telekeçiligi goldamakda iň ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Bellemeli zatlaryň biri hem, bu giň gerimli meýilnamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna Ählihytaý Halk wekilleriniň ýygnagynyň 2700-den gowrak deputatynyň gatnaşýandygydyr. Ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň ýyllyk mejlisi 12-nji marta çenli dowam eder.







