Hytaýda Aziýadaky iň uly ýüzýän nebitgaz platformasy gurulýar

Mart 07, 2026 | 17:46 |60
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



‎Hytaýyň gündogaryndaky kenarýaka şäheri Sindaoda Aziýadaky iň uly silindr görnüşli nebiti we gazy çykarýan hem-de saklaýan desga gurulyp başlandy. Bu özboluşly taslama doly derejede hytaýly hünärmenler tarapyndan işlenip düzüldi. Gurluşyk tamamlanandan soň platforma Günorta Hytaý deňzindäki çuň suwly Kaýpin käninde ýerleşdiriler.

‎Aslynda şeýle desga ýüzýän “nebitgaz zawody” bolup hyzmat edýär. Ol çig maly çykarmak, gaýtadan işlemek, saklamak we ýüklemek ýaly ähli işleri birleşdirýär. Täze gämi doly ýüklenende 170 müň tonnadan gowrak suw sygymyna niýetlenendir. Onuň palubasynyň diametri 110 metre deň bolup, şeýle görnüşli gurluşlar üçin dünýä rekordy hasaplanýar.

‎Hytaýyň Milli deňiz nebit korporasiýasynyň Kaýpin nebit käniniň taslamasynyň baş menejeri Şu Weý gurluşykçylaryň taslamada örän ýokary ygtybarlylyk standartlaryny göz öňünde tutandygyny aýtdy. Platforma açyk deňizde 30 ýyl işlemäge niýetlenendir we şol döwürde abatlaýyş üçin dokka girmegiň zerurlygy bolmaz. Şeýle hem gurluşykda ilkinji gezek köp möçberde diňe ýerli öndürilen esasy enjamlar ulanylar, olaryň arasynda 15 sany akylly dolandyryş moduly hem bar.

‎Platformanyň silindr görnüşi tötänden saýlanmandyr. Ol nebiti saklamak üçin giňişligi has netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär we çuň suwly sebitleriň kyn şertlerinde ýokary durnuklylygy üpjün edýär. Bu aýratynlyk kenardan 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kaýpin käninde işlemek üçin aýratyn möhümdir.
‎Bellemek gerek, çykaryş sebitindäki suwuň çuňlugy 500 metrden hem geçýär. Kaýpin käni bolsa Hytaý tarapyndan özbaşdak açylan iň uly çuň suwly kän hasaplanýar. Onuň tassyklanan gorlary 100 million tonnadan gowrak nebite barabardyr.

Beýleki habarlar