Hytaýyň fýuçers bazary 2026-njy ýylyň başynda örän uly ösüş görkezdi

Mart 07, 2026 | 17:47 |49
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



‎Hytaýyň Fýuçers assosiasiýasynyň täze maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli bazarda ep-esli ösüş hasaba alyndy. Söwdanyň umumy möçberi 1 milliard 415 million şertnama ýetdi. Geleşikleriň umumy bahasy bolsa 156 trillion ýuana golaý boldy, bu takmynan 22,5 trillion amerikan dollaryna deňdir. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 55 göterimden hem ýokarydyr.

‎Fewral aýynda iň täsirli netijeleri gymmat bahaly metallar we täze energetika üçin ulanylýan metallar pudaklary görkezdi. Hususan-da, litiý karbonaty boýunça fýuçersleriň dolanyşygy üç esse diýen ýaly artdy. Bilermenler muny daşary ýurtlardan çig mal üpjünçiliginiň azalmagyna garaşylmagy we energiýa saklaýyş ulgamlaryna bolan islegiň ýokary bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle hem elektro mobilleriň önümçiligine döwlet tarapyndan berilýän goldawlar möhüm orna eýedir.
‎‎Şonuň bilen birlikde kümüşe bolan gyzyklanma hem artdy. Oňa bolan isleg emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi we “ýaşyl” energetika geçiş bilen güýçlenýär. Maýadalar kümüşi diňe gymmat bahaly metal hökmünde däl, eýsem möhüm senagat serişdesi hökmünde hem görýärler.
‎‎Mundan başga-da, maliýe gurallarynyň bazarynda hem işjeň söwda alnyp baryldy. Esasy gazna indeksleri boýunça fýuçers şertnamalarynyň bahasy geçen ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende ýarsyndan hem köp artdy. Şeýle uly maýa akymy maýadarlaryň ýurduň senagat pudagynyň dikeldilmegine ýokary ynam bildirýändigini görkezýär. ‎Hytaýyň fýuçers bazary 2026-njy ýylyň başynda örän uly ösüş görkezdi
‎‎Hytaýyň Fýuçers assosiasiýasynyň täze maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli bazarda ep-esli ösüş hasaba alyndy. Söwdanyň umumy möçberi 1 milliard 415 million şertnama ýetdi. Geleşikleriň umumy bahasy bolsa 156 trillion ýuana golaý boldy, bu takmynan 22,5 trillion amerikan dollaryna deňdir. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 55 göterimden hem ýokarydyr.
‎‎
‎Fewral aýynda iň täsirli netijeleri gymmat bahaly metallar we täze energetika üçin ulanylýan metallar pudaklary görkezdi. Hususan-da, litiý karbonaty boýunça fýuçersleriň dolanyşygy üç esse diýen ýaly artdy. Bilermenler muny daşary ýurtlardan çig mal üpjünçiliginiň azalmagyna garaşylmagy we energiýa saklaýyş ulgamlaryna bolan islegiň ýokary bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle hem elektro mobilleriň önümçiligine döwlet tarapyndan berilýän goldawlar möhüm orna eýedir.
‎‎Şonuň bilen birlikde kümüşe bolan gyzyklanma hem artdy. Oňa bolan isleg emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi we “ýaşyl” energetika geçiş bilen güýçlenýär. Maýadalar kümüşi diňe gymmat bahaly metal hökmünde däl, eýsem möhüm senagat serişdesi hökmünde hem görýärler.
‎‎Mundan başga-da, maliýe gurallarynyň bazarynda hem işjeň söwda alnyp baryldy. Esasy gazna indeksleri boýunça fýuçers şertnamalarynyň bahasy geçen ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende ýarsyndan hem köp artdy. Şeýle uly maýa akymy maýadarlaryň ýurduň senagat pudagynyň dikeldilmegine ýokary ynam bildirýändigini görkezýär.

Beýleki habarlar