Hytaýyň söwda ministri serhetüsti elektron söwdanyň rekord derejede ösýändigini habar berdi

Hytaýyň söwda ministri Wan Wentao Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda geçen ýylda daşarky söwdanyň ösüşiniň netijelerini jemledi. Berlen maglumatlara görä, elektron söwda ulgamynda serhetüsti importyň we eksportyň möçberi 15,5 göterim artdy. Pul görnüşinde bu görkeziji 2 trillion 750 milliard ýuana ýetdi, bu bolsa takmynan 400 milliard amerikan dollaryna deňdir.
Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň
mejlisiniň çäginde çykyş eden ministr söwdanyň täze görnüşleriniň ýokary durmuş ähmiýetini belläp geçdi. Häzirki wagtda hytaý eksportynyň esasy aýratynlygy ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa önümler, şeýle hem döwrebap robotlardyr. Hökümet bu ugurlary mundan beýläk hem goldamagy meýilleşdirýär we olary ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwürmegi maksat edinýär.
Ministrligiň meýilnamalarynda emeli aň ulgamlarynyň we “ýaşyl” energetika üçin enjamlaryň eksportyny çalt ösdürmek göz öňünde tutulýar. Aýratyn üns sanly we pes uglerodly söwda berler. Edaranyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, döwlet täze işewürlik nusgalaryna üns bilen gözegçilik edip, olary goldamak boýunça çäreleri tiz wagtda durmuşa geçirer.
Mundan başga-da, Hytaý daşarky söwdanyň deňagramly gurluşyny döretmäge çalyşýar. Bu diňe eksporty durnuklaşdyrmagy däl, eýsem importy hem işjeň giňeltmegi aňladýar. Ministr Hytaý Halk Respublikasynyn dünýäde ykdysadyýeti boýunça ikinji orunda durýandygyny we onuň ägirt uly bazar mümkinçiliklerine eýedigini belledi.
Ýurduň içinde ilatyň girdejileriniň artmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de Hytaý öz bazarynyň açyklygyny dowam etdirmäge we dünýä söwda gatnaşyklarynyň özara bähbitli ösüşine taýýardygyny tassyklaýar.







