Hytaý 2026-njy ýyl üçin ykdysady ösüş maksadyny kesgitledi — bu “işjeň we pragmatik” çemeleşme, resmi beýanat

Mart 07, 2026 | 16:25 |54
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň 2026-njy ýyl üçin ykdysady ösüş maksady “işjeň we pragmatik” bolup, içerki ýagdaýlaryň hem-de daşarky gurşawdaky üýtgeşmeleriň giňişleýin seljerilmegine esaslanýar diýip, penşenbe güni resmi wekili aýtdy.

Ýurduň premýer-ministri Li Sýan penşenbe güni irden Pekinde ýurduň döwlet häkimiýetiniň iň ýokary edarasy bolan 14-nji Ählihytaý Halk wekilleri ýygnagynyň (ÄHWÝ) dördünji sessiýasynyň açylyşynda hökümetiň iş hasabatyny hödürlän mahaly, ykdysady ösüşiň 4,5–5 göterim derejesinde bolmagy baradaky maksady yglan etdi. Şeýle-de şol bir wagtyň özünde amalda has gowy netijeleri gazanmak maksat edinilýär.

Şol gün milli kanun çykaryjy edarasynyň garamagyna hödürlenen hökümetiň şu ýylky iş hasabatyny taýýarlamak boýunça jogapkär toparyň ýolbaşçysy Şen Danýan bu maksadyň zerurlyk bilen mümkinçilikleriň arasynda deňagramlylygy üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Şen maksatlaýyn aralygyň gurluş üýtgeşmelerini amala aşyrmak, töwekgelçilikleriň öňüni almak we özgertmeleri ilerletmek üçin mümkinçilik döredýändigini, şol bir wagtyň özünde ýurduň 2035-nji ýyla çenli ösüş konsepsiýasyna laýyk gelýändigini aýtdy.

Hasabata laýyklykda, geljek bäş ýylyň dowamynda Hytaý jemi içerki önümiň (JİÖ) ösüş depginini kabul ederlikli derejede saklamagy meýilleşdirýär. Ýyllyk ösüş depgini bolsa hakyky ykdysady ýagdaýlary nazara alyp kesgitlener.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu çäre 2035-nji ýyla çenli Hytaýda adam başyna düşýän JİÖ-ni 2020-nji ýylyň derejesi bilen deňeşdirilende iki esse artdyrmak maksadyna ýetmek üçin berk binýat döreder we ýurduň orta ösüş derejesindäki döwletleriň derejesine ýetmegine mümkinçilik berer.

“14-nji bäşýyllygyň (2021–2025 ýý.) dowamynda ýurduň ykdysadyýeti ortaça ýyllyk 5,4 göterim ösüş görkezdi. Hasaplamalar Hytaýyň 2035-nji ýyla çenli adam başyna düşýän JİÖ-ni 20 müň ABŞ dollaryndan ýokary derejä ýetirmek hem-de 2020-nji ýylyň derejesini iki esse ýokarlandyrmak maksadyna ýetmek üçin geljek on ýylda ýyllyk ortaça 4,17 göterimden ýokary ösüş depginini saklamalydygyny görkezýär. Mundan başga-da, bu maksat Hytaýyň ösüş mümkinçiliklerine laýyk gelýär we halkara hem-de ýerli ykdysady guramalaryň, bilermenleriň hem-de seljeriş merkezleriniň bahalary hem umuman alanyňda biziň garaşýan netijelerimiz bilen gabat gelýär. Dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň arasynda şeýle ösüş depgini henizem iň ýokarylaryň biri bolup galar,” - diýip, Şen aýtdy.

Şeniň bellemegine görä, Hytaý ykdysadyýetiniň durnuklylygy, täze ýokary hilli önümçilik güýçleriniň ösüşi, has işjeň makroykdysady syýasaty hem-de möhüm ugurlarda has çuňňur özgertmeler ykdysady ösüşiň täze mümkinçiliklerini açmaga kömek eder.

“Biz iki meseläni nazara aldyk. Bir tarapdan, Hytaýyň ykdysadyýeti ýokary durnuklylygy we ýaşaýyş ukyplylygyny görkezýär, onuň gurluşy yzygiderli kämilleşýär we täze ýokary hilli önümçilik güýçleri çalt ösýär. Beýleki tarapdan, şu ýyl ýurt has işjeň we netijeli makroykdysady syýasaty durmuşa geçirer hem-de möhüm ugurlarda özgertmeleri ilerleder. Bu bolsa ösüş mümkinçilikleriniň has giňden açylmagyna şert döreder. Şeýle şertlerde amatly faktorlardan doly we netijeli peýdalansak, hil taýdan netijeli ösüşi üpjün etmek bilen birlikde san taýdan hem amatly ösüş gazanjakdygymyza ynanýarys,” - diýip, Şen aýtdy.

Häzirki wagtda Pekinde 14-nji Ählihytaý Halk wekilleri ýygnagynyň mejlisi geçirilýär. Ol penşenbe güni başlap, 12-nji martda tamamlanar.

Beýleki habarlar