Hytay ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emeli aňy ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmagy we aýratyn-da ony önümçilik bilen utgaşdyrmaga üns bermegi meýilleşdirýär diýip, ýurduň ministri mälim etdi

Mart 07, 2026 | 16:20 |52
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytay 2026-njy ýylda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge üns berip, emeli aňyň (EA) ykdysadyýete we jemgyýete çuňňur integrasiýasyny çaltlandyrar diýip, Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministri Li Leçen penşenbe güni Pekinde mälim etdi.

Şol gün açylan döwletiň iň ýokary edarasy bolan Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň ýyllyk sessiýasynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwiýusynda, Li Hytaýyň “Emeli aň goşmak” başlangyjy arkaly has ýokary hilli ykdysady we durmuş ulgamyndaky ösüşe ýetmek ugrundaky strategik tagallalary barada maglumat berdi.

Onuň beýanatlary penşenbe güni irden Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynda ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenen hökümetiň iş hasabaty bilen gabat gelýär. Şol hasabatda emeli aň tehnologiki ösüşiň esasy şerti hökmünde bellenilýär we Hytaýyň täze nesil akylly terminallaryny hem-de emeli aň agentlerini has çalt ornaşdyrmaga ýardam berjekdigi, şeýle hem möhüm ugurlarda emeli aňyň giň gerimli täjirçilik maksatly ulanylmagyny höweslendirjekdigi aýdylýar.

Li Hytaýyň özüniň güýçli senagat artykmaçlyklaryndan doly peýdalanyp, emeli aňy gaýtadan işleýän senagata çuňňur ornaşdyrmak bilen bir wagtyň özünde, adamşekilli robotlar, “beýni-kompýuter” interfeýsleri we sürüjisiz awtoulaglar ýaly ugurlarda emeli aň goldawy bolan has köp täjirçilik önümlerini döretjekdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ministriň sözlerine görä, ýurt emaly aň bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri kadalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny hem güýçlendirýär.

“Biz önüm üpjünçiligini kämilleşdirmek üçin senagat mümkinçiliklerimize esaslanarys. Adamlaryň has gowy durmuş şertlerine bolan isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmak üçin emeli aňly kompýuterleri, ykjam telefonlary we akylly öýleri öňe sürmekde yhlasly işläris. Biz täze nesil emeli aň önümleriniň ylmy-barlag işlerini we tapgyrlaýyn täzelenmesini, şol sanda beýni-kompýuter interfeýslerini, sürüjisiz awtoulaglary we adamşekilli robotlary işjeň artdyrarys hem-de bu ugurlarda tehnologiki öňe gidişliklere we täzelenmelere ýardam bereris”, — diýip Li aýtdy.

“Biz emeli aňyň ulanylyşyny çuňlaşdyrmak üçin özümiň baý senagat tejribämizi ulanarys. “EA + önümçilik” — bu hökman edilmeli mesele, bu saýlaw däl, şonuň üçin şu ýyl biz emeli aňyň önümçilik bilen integrasiýasyny işjeň öňe ilerlederis. Şuny nygtasym gelýär: emeli aň senagatyny ösdürenimizde, ösüşiň we howpsuzlygyň netijeli utgaşdyrylmagyny üpjün etmelidiris. Emeli aň adamyň dolandyryşynda galmalydyr, adamyň isleglerine hyzmat etmelidir we berk ýagdaýda adamyň gözegçiligine tabyn bolmalydyr», — diýip ministr belledi.

Geçen ýylyň awgust aýynda Hytaýyň Döwlet geňeşi “Emeli aň goşmak” konsepsiýasyny ösdürmek barada görkezmäni çap etdi. Bu resminama laýyklykda, ýurt 2035-nji ýyla çenli emeli aň bilen doly utgaşdyrylan ykdysadyýeti we jemgyýeti döretmäge çalyşýar.

Milli strategiýanyň esasy bölegi — Hytaýyň senagat binýadyny täzeden gurmak we ýurduň global goşulan baha zynjyrynda has-da öňe süýşmegini üpjün etmek üçin emeli aňy önümçilige ornaşdyrmakdyr.

Li Leçeniň sözlerine görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň esasy emeli aň senagatynyň göwrümi 1,2 trillion ýuandan (takmynan 170 milliard ABŞ dollary) geçdi, emeli aň bilen baglanyşykly ýerli kärhanalaryň sany bolsa 6200-e ýetdi.

Beýleki habarlar