«Ilki bilen ynsan» ýörelgesi 20 million ilatly Çendu şäheriniň keşbini nähili özgerdýär

Mart 03, 2026 | 09:30 |73
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän we 20 milliondan gowrak ilaty bolan Çendu şäherinde ýerli häkimiýetler syýasaty we jemgyýetçilik ýerlerini ýaşaýjylaryň hakyky isleglerine görä gurýarlar. Bu çemeleşme hem jemgyýetçilik derejesindäki dolandyryşda, hem-de şäher gurşawynyň döwrebaplaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar.

Munuň bir mysaly — Sinýuan etrabyndaky jemgyýetçilik naharhanasydyr. Şeýle naharhanalar tutuş şäher boýunça giňden ýaýrap, her gün uly ýaşly ýaşaýjylara mugt günortanlyk naharyny hödürleýär. Mundan başga-da, bu naharhanalar janly durmuşyň jemlenen merkezleri bolup hyzmat edýär: olar uly ýaşly adamlary birleşdirýär we olaryň özlerini jemgyýetiň bir bölegi hökmünde duýmaklaryna ýardam edýär.

Ýerli jemgyýetçilik öňdebaryjylary we durmuş ulgamynyň işgärleri bu naharhanalara ýygy-ýygydan baryp durýarlar. Şeýlelikde, olar göni aragatnaşyk saklaýarlar, bu bolsa ýagdaýy gowulandyrmaga ýagny jemgyýetçilik dolandyryşyndan başlap, şäher gurşawyny täzelemäge çenli kömek edýär.

Uly ýaşly ýaşaýjy Li Hançžan bu ýeriň uly ýaşly adamlaryň naharlanyp, söhbetdeş bolup, hatda dostlarynyň ýanynda öwnüp biljek ajaýyp mekanydygyny belledi. Onuň sözlerine görä, bu wagtyny geçirmek üçin iň gowy ýerdir.

Şeýle hem durmuş ulgamynyň işgärleri yzygiderli «Ba Ba» duşuşyklaryny — çaýhanalarda we ýaşaýyş toplumlarynda açyk çekişmeleri gurnap durýarlar. Bu duşuşyklar ýaşaýjylaryň tekliplerini toplamak üçin gowy mümkinçilik döredýär, soňra bolsa şolaryň esasynda häzirki we geljekki isleglere laýyk gelýän täze taslamalar işlenip düzülýär.

Sinýuan jemgyýetiniň partiýa guramasynyň sekretarynyň orunbasary Sýao Hun çaýhanalardaky duşuşyklar we ýaşaýjylaryň ýygnanyşyklary arkaly pikirleriň hem-de teklipleriň yzygiderli toplanylýandygyny düşündirdi. Soňra maslahatlaşmagyň düzgünleri kemala getirilýär we ýaşaýjylaryň iň soňky islegleri bilelikde gözden geçirilýär. Hünärmenler bar bolan we geljekki zerurlyklara esaslanyp, ýokary hilli taslamalary durmuşa geçirmek üçin serişdeleri taýýarlaýarlar we birleşdirýärler.

Ýerli ýaşaýjy Ýuan Žunsýa öz şahsy tejribesi bilen paýlaşdy. Ol ýan ýoldaşy aradan çykanyndan soň, tas ruhy çökgünlige düşüpdi. Emma jemgyýetçilik merkezine gelip başlaly bäri, ýolbaşçylaryň aladasy we töweregindäkileriň goldawy oňa bu kyn ýagdaýdan çykmaga kömek etdi. “Häzir özümi aýratyn bagtly duýýaryn” – diýip, ol aýtdy.

Şeýle çemeleşme Szinszýan derýasynyň durkuny täzelemegiň hem esasyny düzdi. Öň bu derýa hapalanan bolsa, häzir ol köpçülik üçin açyk, ýaşyl dynç alyş zolagyna öwrüldi.

“Chengdu Jinjiang Greenway Construction Investment Group” kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Guan Şouçen durky täzelemek işinde meýdançalary adamlara gaýtaryp bermek, medeniýeti gorap saklamak we hödürlenýän hyzmatlar arkaly özara baglanyşyk gurşawyny döretmek zerurlygynyň göz öňünde tutulandygyny aýtdy. Hünärmenler derýanyň kenarlaryny we syýahatçylyk ugruny täzelemegiň nusgasyny işläp düzdüler. Guanyň pikiriçe, bu Çendudaky bagtyň hakyky manysyny şöhlelendirýär.

Şu günki günde täzelenen kenarýaka ýaşaýjylaryň dynç alýan, söhbetdeş bolýan we tebigat bilen birleşýän jemgyýetçilik mekanyna öwrüldi. Bu bolsa şäher gurluşygyny meýilleşdirmegiň we jemgyýeti dolandyrmagyň adamyň bähbitlerine gönükdirilen çemeleşme esasynda nähili utgaşýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Beýleki habarlar