Bazar innowasiýalary we döwlet goldawy Hytaýyň kosmos pudagynyň ösüşini çaltlaşdyrýar

Hytaýyň täjirçilik kosmos ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Pekinde geçirilen iri halkara sergisinde 300-e golaý kompaniýa öz mümkinçiliklerini görkezdi we hususy telekeçiligiň kosmos elýeterliligini nähili üýtgetýändigini subut etdi. Sergä gatnaşyjylar hödürlenen önümleriň we hyzmatlaryň köpüsiniň eýýäm adamlaryň durmuşyny we iş usulyny özgerdendigini bellediler.
“Galactic Energy” kompaniýasynyň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar boýunça direktory U Ýue kompaniýanyň “CERES 1” göteriji raketasynyň kömegi bilen 21 gezek üstünlikli uçuş amala aşyrandygyny habar berdi. Bu uçuşlaryň dowamynda bellenen orbitalara 87 sany täjirçilik hemrasy çykaryldy.
“Zhongke Xingtu” kompaniýasynyň baş ylmy işgäri Hao Sýuetao emeli hemralaryň oba we tokaý hojalygynda, suw üpjünçiliginde, topragy öwreniş ylmynda, şäher gurşawynda we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmakda ulanylýandygyny aýtdy. Esasy ugurlaryň arasynda hasyllylyga baha bermek, zyýankeşlere we kesellere gözegçilik etmek, suw joşgunlaryna garşy göreşmek we infrastruktura gözegçilik etmek bar.
“GALAXYSPACE” kompaniýasynyň halkara işewürligi ösdürmek boýunça baş dolandyryjysy Huan Hepin mobil telefonlar bilen hemralaryň arasynda ýokary tizlikli aragatnaşygyň gazanylandygyny belledi. Munuň esasynda adamlar nirede bolsalar-da, hemişe aragatnaşykda galyp bilýärler.
“Interstellar Glory Aerospace Science and Technology” (iSpace) kompaniýasy 10 ýyl mundan ozal esaslandyryldy. Geçen wagtyň dowamynda ol Hytaýyň dürli künjeklerinde: Wençan şäherinde (Hytaýyň günortasy, Haýnan welaýaty), Mýanýan şäherinde (Hytaýyň günorta-günbatary, Syçuan welaýaty) we Pekinde ylmy-barlag, önümçilik we synag binýatlaryny döretdi.
“iSpace”-iň başlygy we baş direktory Pen Sýaobo kompaniýanyň geriminiň giňelmegini Hytaýyň hökümetiniň goldawy we bazaryň amatly şertleri bilen düşündirdi. Onuň sözlerine görä, giň gerimli maksatnamalar, zehinli hünärmenleriň köplügi, doly üpjünçilik zynjyry we Hytaýyň bar bolan senagat ulgamyna esaslanýan elýeterli önümleri ýagny milli strategik derejeden başlap, ýerli häkimiýetlere çenli uly goldawy üpjün etdi. Jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilmegiň we güýçli höwesiň ýokary derejesi hem amatly şertleri döredýär.
Strategik taýdan möhüm pudaklary ösdürmek üçin Hytaýyň hökümeti taslama we institusional düzgünleşdiriş mehanizmlerini güýçlendirdi. Ol täjirçilik kosmos uçuşlaryny milli strategik meýilnama we umumy kosmos strategiýasyna girizdi. Mundan başga-da, täjirçilik kosmonawtikasy departamenti döredildi — ol pudagy dolandyrmagy utgaşdyrýar we uçuşlary tassyklamak işlerini ýönekeýleşdirýär.
Hökümet milli ylmy-barlag taslamalaryna elýeterliligi açdy. Täjirçilik kosmos kompaniýalary iri milli taslamalara gatnaşyp we ägirt uly desgalary: raýat gözegçilik we dolandyryş bekertlerini, herektlendirijileri synagdan geçirmek üçin diwarlyklary, kosmos gurşawyny modelirlemek üçin enjamlary we şuňa meňzeşleri ulanyp bilýärler. Haýnan adasynyň Wençan şäherinde ýöriteleşdirilen täjirçilik uçuş toplumy guruldy. 20-den gowrak welaýat we munisipalitet eýýäm täjirçilik kosmos pudagyny ösdürmek barada 40-dan gowrak pudaklaýyn karar kabul etdi.
Bilermenler döwlet syýasatynyň bu senagatyň ösmegi üçin ygtybarly binýat goýandygyny belleýärler. Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň deputaty we Boýa adyndaky Pekin uniwersitetiniň at gazanan professory Týan Sýuan ýurt uzak möhletleýin maýa goýumlaryna gönükdirilendir we täjirçilik aerokosmos pudagynyň hem-de pes belentlikdäki uçuşlar ykdysadyýetiniň önümçilik zynjyrynyň esasy halkalaryny goldaýar – diýip nygtady. Bu uzak dowamly tapgyrlary, başlangyç döwürde iri maýa goýumlaryny we ýokary näbelliligi talap edýän strategik taýdan möhüm ugurlaryň talaplaryna uýgunlaşmak üçin ähmiýetlidir.
Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň deputaty we Hytaýyň Günorta senagat toparynyň (CSGC) ylym we tehnologiýalar boýunça esasy bilermeni Li Žiçao milli strategik ýolbaşçylygyň we meýilleşdirmegiň senagat ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Binýatlaýyn barlaglara, başlangyç tehnologiýalaryň ösdürilmegine we innowasion platformalaryň döredilmegine gönükdirilýän güýçli maýa goýum goldawy serişdeleri netijeli paýlamaga kömek edýär we innowasion ulgamlaryň ösmegine ýardam berýär.







