Hytaýyň Täze ýyl gala-konsertiniň halkara görnüşi Germaniýada ilkinji gezek görkezildi

Mart 03, 2026 | 19:50 |72
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Germaniýanyň «TV Hamburg Direkt» teleýaýlymynda nemes teleradiogepleşikleriniň taryhynda ilkinji gezek Hytaý media toparynyň (CMG) Täze ýyl gala-konsertiniň halkara görnüşiniň resmi ýaýlymy boldy.

Şounyň gysgaldylan görnüşi 45 minut dowam edýär. Oňa saýlama saz, tans we akrobatik çykyşlar girizildi. Maksatnama adaty sungat görnüşlerini döwrebap sahna çykyşlary bilen utgaşdyrýar.

Iň täsirli pursatlaryň arasynda aktýorlar bilen bilelikde söweş sungaty bilen meşgullanýan adamşekilli robotlaryň görkezilmegi hem bar. Bu çykyş hytaý medeniýetiniň janlylygyny we ýurduň tehnologik ösüş derejesini aýdyň görkezýär.

«TV Hamburg Direkt» teleýaýlymynyň media-direktory Ýo Grýobel häzirki halkara ýagdaýynda medeni alyş-çalyşy güýçlendirmegiň aýratyn möhümdigini nygtady. Onuň sözlerine görä, üstünlikli ýaýlym nemes diňleýjileri üçin Hytaý Täze ýylyny baýram etmegiň däplerine düşünmekde täze gözýetimi açdy. Bu şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ynsanperwer ylymlar ulgamynda geljekki hyzmatdaşlyga ýol açýar.

Grýobel Bahar baýramynyň hormatyna guralýan gala-konsertiň telewideniýedäki ajaýyp baýramçylyk wakalarynyň biridigini belledi. Dabara hytaý medeniýetindäki iň möhüm maşgala baýramlarynyň birine bagyşlanýar. Şol sebäpli, Gamburgyň ýerli teleýaýlymynda bu täsirli wakany ilkinji gezek ýaýlyma bermek teleýaýlym üçin uly mertebedir.

Media-direktor şeýle hem gala-konsertiň iň ajaýyp tarapynyň däp-dessurlar bilen innowasiýalaryň ussatlyk bilen utgaşdyrylýandygyny aýtdy. Bir tarapdan, tomaşaçylar ýokary derejeli tans we toparlaýyn çykyşlary gören bolsalar, beýleki tarapdan, olary döwrebap çözgütler kämil derejede doldurdy. Adamşekilli robotlaryň çykyşy bütin dünýäni haýran galdyrdy we däp-dessurlar bilen täzeçilligiň utgaşdyrylmagynyň medeni ösüşe nähili ýardam edýändigini görkezdi.

CMG-niň Bahar baýramyna bagyşlanan we «Çunwan» ady bilen tanalýan gala-konserti ilkinji gezek 1983-nji ýylda ýaýlyma berlipdi. Şondan bäri ol ýüzlerçe million maşgala üçin Hytaý Täze ýylyny baýram etmegiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Birnäçe sagatlap dowam edýän bu aýdym sazly dabarany şu ýyl Hytaýda ilkinji gezek 16-njy fewralda — At ýylynda görkezdiler.

Beýleki habarlar