Suçžouda gadymy kwartallary «goramak, öwrenmek we peýdalanmak» ýörelgesi esasynda täzelenýär

2 müň 500 ýyllyk taryhy bolan Suçžou şäherinde gadymy kwartallary gorap saklamagyň we dikeltmegiň täze usullary synagdan geçirilýär. Esasy wezipe — medeni mirasy goramak bilen ýaşaýjylaryň döwrebap islegleriniň arasynda sazlaşyk tapmakdyr.
2023-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin tanyşlyk sapary wagtynda ýerli resmileri şäheriň taryhy kwartallaryny «goramaga, öwrenmäge we peýdalanmaga» çagyrdy. Bu görkezme eýýäm 2019-njy ýylda başlanan Suçžouny täzelemek maksatnamasynyň esasyny düzdi. Onuň maksady — medeni gymmatlyklary gorap saklamak we şol bir wagtyň özünde şäherlileriň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdyr.
Şeýle kwartallaryň biri — 32-nji kwartaldyr. Min we Sin dinastiýalarynyň (1368–1911-nji ýyllar) döwründe bu ýerde hökümet edaralary we hususy baglar ýerleşipdir. Häzirki döwürde bu etrap 2 müň 700-e golaý adamyň ýaşaýan ýaşaýyş toplumyna öwrüldi. Mysal üçin, jaýlaryň birinde ýedi maşgala — takmynan 20 adam ýaşapdyr, bu bolsa bir wagtlar adaty ýagdaý hasaplanypdyr.
72 ýaşly ýaşaýjy Ýuan Sýueçun: «Bu ýerde bir maşgala ýaşaýar, men hem şu ýerde ýaşadym. Bu ýerde mundan başga-da dört maşgala bardy» — diýip ýatlamalaryny paýlaşdy.
Asyrlaryň dowamynda jaýlaryň köpüsi köneldi we döwrebap talaplara jogap bermegini bes etdi. 2019-njy ýylda «goramak, öwrenmek we peýdalanmak» ýörelgelerine esaslanýan etraby täzelemek maksatnamasy başlandy. Şu güne çenli 800-den gowrak maşgala ýagny ýaşaýjylaryň ýarysy diýen ýaly täze jaýlara göçmäge razylyk berdi. Şol bir wagtyň özünde, köp adamlar taryhy etrapda galmagy saýladylar.
«Suzhou Historic City Group» kompaniýasynyň baş direktory Ýan Ýue maksatnamanyň jemgyýetçilik pikirini doly nazara alýandygyny nygtady: adamlar nähili çemeleşmelidigini özleri çözýärler. Galanlar üçin durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça işler geçirildi. Olaryň hatarynda elektrik geçirijilierini we lagym suwlarynyň akyjy turbalaryny ýeriň astyndan geçirmek, ýuwulan eşekleri guratmak üçin guradyjylary gurnamak, şeýle hem dürli çäreler üçin gije-gündizleýin işleýän jemgyýetçilik binalaryny gurmaklyk bar.
Ýan Ýue bir wagtlar 24 maşgalanyň ýaşaýan ýüz ýyllyk jaýynyň dikeldiş usulyny düşündirdi. Üçekdäki käbir bikanun gurluşyklar söküler, emma gymmatly elementler — mysal üçin, kerpiçden oýulyp ýasalan derweze diňi — saklanyp galar. Binanyň asyl keşbini dikeltmek üçin sütünler, penjireler we gapylar adaty usullar arkaly täzelener.
Ýerli häkimiýetler şäheri täzelemek boýunça hyzmatdaşlyk taslamasyny hem ýola goýdular. Ol jemgyýetçilik guramalaryny ýagny kitap dükanlaryny, kofe içilýän ýerleri we myhmanhana toparlaryny — taryhy mirasy peýdalanmaga we oňa täze durmuş bermäge höweslendirýär. Ýanyň sözlerine görä, bu tagallalar arkaly gadymy kwartalyň gymmatlyklary janlandyryldy: köp sanly ýaşlar köne şäheri söýdüler we bärde täze durmuşyň kemala gelmegine goşant goşdular.
Hytaýda şäherleri täzelemegiň täze tapgyry başlandy: üns uly göwrümli gurluşykdan bar bolan etraplary gowulandyrmaga gönükdirildi. Milli durmuş-ykdysady ösüşiň 14-nji bäşýyllygynyň döwründe (2021–2025-nji ýyllar) 240 müňden gowrak köne şäher kwartaly abatlandy. Bu bolsa 110 million adama peýda getirdi. Häkimiýetler Suçžou mysalynda bolşy ýaly, «el işi stili» hökmünde tanalýan has düýpli usuly ulanyp, işleri dowam etdirmäge wada berdiler.
Ýaşaýjylar oňyn üýtgeşmeleri duýýarlar. Çža Szýalin durmuş şertleriniň gowulanandygyny we köne şäherde ýaşamagyň täze etraplardakydan hem gowudygyny belledi. Ýuan bolsa: «Men özümi örän bagtly duýýaryn» – diýip belledi.







