Singapuryň alymy Günbatary Hytaýy basyp ýatyrmaga däl, onuň bilen hyzmatdaşlyga çagyrdy

Singapuryň tanymal alymy Kişor Mahbubani ýakynda Hytaýyň CGTN global teleýaýlymyna beren interwýusynda Günbatar ýurtlaryny Hytaýy basyp ýatyrmaga synanyşmagyň ýerine onuň bilen hyzmatdaşlyk etmegi öwrenmäge çagyrdy. Singapuryň Milli uniwersitetiniň Aziýa barlaglar institutynyň ylmy işgäri bolan Mahbubani Günbataryň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uzak ýyllaryň dowamynda Hytaýyň ösüşini esasan “howp” hökmünde görkezendigini belledi.
Bilermeniň pikirine görä, hakyky alada döredýän ýagdaý Hytaýyň ösüşiniň özi däl-de, Günbatar jemgyýetleriniň öz üstünliklerine we netijelerine baha bermekde ýüze çykýan kognitiw esassyzlykdyr. Alym Hytaýyň dünýäniň iň gadymy, üznüksiz dowam edýän siwilizasiýasydygyny we adamzat taryhynyň köp döwründe öňdebaryjy orun eýeländigini ýatlatdy. Şoňa görä-de, ýurduň dünýäniň iň üstünlikli jemgyýetleriniň hataryna gaýdyp gelmegi tebigy ýagdaý hökmünde kabul edilmelidir.
Mahbubani Hytaý ykdysadyýetiniň çökmegine ýa-da ösüşiniň iň ýokary derejesine ýetmegine garaşmagyň nädogrudygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, infrastruktura, ylmy-innowasion mümkinçiliklere we adam maýasyna goýlan uly möçberdäki maýa goýumlar Hytaýy ösüşiň täze, giň gerimli tapgyryna taýýarlady. Alym Günbataryň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hut şu ýagdaýlara aýratyn üns bermelidigini nygtady.
Şeýle hem ol Hytaý ykdysadyýetiniň ösüşiniň we onuň önümleriniň elýeterli bahalarynyň dünýä ykdysadyýetine peýda getirýändigini aýtdy. Arzan hem ýokary hilli harytlary öndürmek arkaly ýurt dünýä jemgyýetçiligine hyzmat edýär. Şonuň üçin, Mahbubaniniň pikiriçe, Günbatar Hytaýy howp hökmünde görmekden ýüz öwürmeli we onuň bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmelidir.







