Hytaýyň Walýuta Bazary

Oktýabr aýynda Hytaýyň walýuta bazary durnukly boldy. Isleg bilen teklip deň derejede saklandy diýip, Walýuta amallary düzgünleşdirmek baradaky Döwlet müdirligi (SAFE) habar berdi.
Banklar daşary walýuta boýunça 1,5194 trln ýuana (214 mlrd dollar) deň geleşikleri we 1,394 trln ýuana (196 mlrd dollar) satuw amallaryny ýerine ýetirdi. Geleşiklerde 17,7 mlrd dollarlyk profisit emele gelip — sentýabr aýyndakydan az boldy.
Global bazarlardaky üýtgäp durmalara we ABŞ-nyň dollarynyň güýçlenmegine garamazdan, Hytaýyň walýuta bazary durnukly işledi. Kärhanalar öz zerurlyklaryna görä walýuta satyn aldylar we satdylar, banklaryň kurslary bolsa ýylyň ilkinji dokuz aýyndaky derejesinde saklandy.
Serhetara maýa goýum akymlary hem durnukly boldy. Oktýabrda maýa gýumyň sap akymy ýokarlandy, sentýabr–oktýabr aýlarynda ortaça profisit 24 mlrd dollara deň boldy.
Haryt söwdasynda maýa goýumyň akymy ýokary derejede saklandy, syýahatçylyk we diwidend çykdajylary bolsa azaldy.







