Hytaý Halk Respublikasynyň häkimiýet edaralary Bahar baýramyndan soň raýatlaryň bökdençsiz dolanyp gelmegi üçin çäreleri güýçlendirdi

Hytaýda ýol hereketini guramak boýunça jogapkär edaralar ýazky ýolagçy daşamalarynyň iň ýokary möwsümi tamamlanandan soň, ýolagçylaryň okuw mekdeplerine ýa-da iş ýerlerine howpsuz dolanyp gelmegini üpjün etmek üçin birnäçe çäreleri kabul etdiler. Bu möwsüm 2-nji fewraldan 13-nji mart aralygynda dowam edýär.
Hytaýyň Döwlet demir ýol topary ýekşenbe güni 16,75 million ýolagçy daşaljakdygyna garaşylýandygyny habar berdi. Bu, gündelik ýolagçy akymynyň 15 milliondan geçýän yzly-yzyna dokuzynjy güni bolar.
Soňky günlerde Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatynyň birnäçe sebitinde öz iş ýerlerine dolanyp barýan zähmet migrantlarynyň köpçülikleýin akymy hasaba alyndy. Sisihar demir ýol bekedinde operatorlar demir ýol-awtomobil daşamalarynyň utgaşykly nusgasyny ulandylar. Olar zähmet migrantlary üçin biletleriň öňünden sargyt edilmegi arkaly syýahat islegini has netijeli yzarlamak maksady bilen ýerli zähmet gulluklary bilen öňünden utgaşykly işleri alyp bardylar.
Mundan başga-da, beketde howpsuzlyk barlagy üçin ýörite nokatlar we giriş zolaklary döredildi. Şeýlelikde, migrantlar iň köp adamly döwürlerden gaça durup, bökdençsiz ýagdaýda bekede girip bilýärler.
Sisiharyň Gannan etrabyndaky zähmet daşamalary boýunça menejer Týan Ýuan migrantlar üçin wagonlaryň ätiýaçlandyrylandygyny we goşmaça otlularyň goýlandygyny aýtdy. Bahar baýramyndan soň olaryň iş ýerlerine dolanmagyna kömek etmek maksady bilen jemi 12 topar — takmynan 700 adam — ugradyldy.
Hytaýyň günortasynda Guançžou demir ýol topary 270 goşmaça otly goýdy. Esasy üns ýokary islegli ugurlara gönükdirildi.
Ýurduň köp sebitlerinde talyplaryň okuw mekdeplerine dolanyp gelmeginiň iň ýokary döwri başlanýar. Hytaýyň Sian demir ýol topary ýekşenbe güni Siandan esasy ugurlara, şol sanda Şanhaýa, Çunsine we Lançžou şäherlerine 121 goşmaça otly goýmagy meýilleşdirdi. Bu ulaglaryň umumy geçirijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Demir ýol edaralary taksi we awtobus daşamalarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin ýerli ulag agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy hem güýçlendirdi. Beketlerde talyplar üçin çykyşlarda ýörite zolaklar girizildi we beketler bilen uniwersitetleriň arasynda gatnaw baglanyşyklary gowulandyryldy. Şeýlelikde, olaryň bökdençsiz hereketi üpjün edilýär.
Sian demir ýol menziliniň işgäri Ýue Lu hünärmenleriň talyplaryň hereket aýratynlyklaryny içgin seljerendigini we iň ýokary akymlary öňünden çaklandygyny aýtdy. Ulag howpsuzlygyny üpjün etmek üçin welaýat içindäki ulaglaryň geçirijilik ukyby ýokarlandyryldy, meşhur şäherara ugurlarda köp bölümli otlular goşuldy we ýokary islegli ugurlarda hyzmatlar giňeldildi.







