BMW-niň baş direktory kompaniýanyň şahsy çalasynlyk pudagynda öňdebaryjy bolup galjakdygyna ynanýar

Sişenbe güni nemes awtomobil ägirdi BMW-niň ýolbaşçysy kompaniýanyň däp bolşy bu
pudagyň öňdebaryjysy bolmagyny dowam etdirjekdigine ynam bildirdi we onuň şahsy
çalasynlygyň geljegini kemala getirmäge doly taýardygyny mälim etdi.
BMW AG-niň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy we baş direktory Oliwer Tsipse bu beýanaty
Germaniýanyň kansleri Fridrih Mertsiň Hytaýa saparynyň öňüsyrasynda etdi.
Fridrih Merts çarşenbe güni Pekine iki günlük resmi sapar bilen geldi. Bu onuň geçen ýylyň maý
aýynda wezipesine girişeninden bäri ilkinji sapary bolup, onuň bilen birlikde, Germaniýanyň 30-
a golaý kompaniýasynyň şol sanda BMW-niň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bardy.
Oliwer Tsipse Hytaýyň ählumumy telekompaniýasy “China Global Television Network” beren
eksklýuziw interwýusynda kompaniýanyň geljegini has-da berkitjek esasy ugurlaryň birnäçesini
beýan etdi.
Ol BMW-niň şahsy çalasynlyk pudagynda öňdebaryjy bolup galjakdygyny belläp,
elektrifikaziýa, sanlylaşdyrma, emeli aň, durnukly ösüş, düzgünleşdiriji gözegçiligiň
güýçlenmegi, şeýle hem güýçli ählumumy strategiýany we hyzmatdaşlyklary geljekki
üstünlikleriň esasy şertleri hökmünde görkezdi.
«Şahsy çalasynlyk örän möhüm we diýseň özüne çekiji pudak bolmagynda galýar. Biz uly täsir
edýän esasy ugurlary görýäris: elektrikleşdirme, sanlylaşdyrma we emeli aň, durnukly ösüş hem-
de dünýä boýunça düzgünleşdiriji edaralaryň berk gözegçiligi. Biziň güýçli işewürlik
nusgalarymyz we geljekki üstünlik üçin zerur bolan ähli düzümlerimiz bar. Yzygiderli strategiýa,
bahany döredijilik zynjyrynyň ähli tapgyrlarynda innowasion ruh, güýçli ählumumy
gatnaşygymyz, üstünlikli serhetara hyzmatdaşlyklar, maliýe durnuklylygy we köpýyllyk
müşderä gönükdirilen çemeleşme. Şonuň üçin biz pudagyň gelejegini kemala getirmegimizi we
öňdebaryjy orny eýelejekdigimizi dowam etdirjekdigimize ynanýarys», — diýip, ol aýtdy.







