Hytaýyň ikinji syýahatçylyk gämisi ulanmaga berilmäge taýýarlanýar

Anna güni Hytaýyň döwlet gämi gurluşyk korporasiýasy ýurduň özünde öndürilen ikinji syýahatçylyk gämisi — «Adora Flora City» — mart aýynyň ortalarynda gury dokdan çykaryljakdygy barada habar berdi. Bu gämini ulanmaga bermegiň indiki tapgyry bolar.
Dokdan çykmak — gurluşygyň möhüm tapgyrydyr. Ol gäminiň dokdan gämi duralgasyna geçirilmegini göz öňünde tutýar. Gämi duralga baglanandan soňra, laýnerde ulgamlary doly gurnamak, sazlamak we synag işleri geçiriler. Soňra bolsa gämi ýakyn wagtda meýilleşdirilen deňiz synaglaryna taýýarlanar.
«Adora Flora City» gämisiniň umumy ýük göterijiligi 141 müň 900 tonna barabardyr. Laýneriň dizaýny linnan ýa-da kanton medeniýetiniň stilinde bezelendir. Öňki Hytaýda öndürilen ilkinji iri syýhatçylyk gämisi bolan «Adora Magic City» bilen deňeşdirilende, täze gämi has döwrebap ylmy-tehniki çözgütler we emeli aň programmalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem, gäminiň içinde kaýutalaryň goşmaça görnüşleri göz öňünde tutulypdyr, ýolagçylar üçin dynç alyş we akyl ýetiriş mümkinçilikleri kämilleşdirilipdir. Laýneriň gurluşy 16 palubany öz içine alýar.
Meýilnama laýyklykda, «Adora Flora City» duralgadan çykandan soň, maý aýynyň ahyrynda deňiz synaglaryna başlar. Gäminiň şu ýylyň ahyryna çenli doly ulanmaga berilmegine garaşylýar.







