Urumçyda Çyralar fewtiwalynyň hormatyna ýöriş geçirildi

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan – Uýgur awtonom raýonynyň paýtagty — Urumçyda Hytaýyň adaty halk sungaty bolan Şehuonyň dabaraly ýörişi boldy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 3-nji martynda bellenip geçiljek Çyralar baýramyna bagyşlandy.
Ýöriş dürli Şehuo çykyşlaryny birleşdirýän göçme platformalaryň kerweni görnüşinde geçiriler. Bu sungat Hytaýyň oba ýerlerinde örän meşhurdyr we takmynan 2 müň ýyl ozal gowy hasyl barada doga-dileg etmek maksady bilen ýerine ýetirilen gadymy gurbanlyk bermek dälplerinden gelip çykypdyr.
Dabara 18 sany folklor topary, ýagny jemi 2 müň 500 töweregi ýerine ýetiriji gatnaşdy. Deprek çalmak, ýanko halk tansy, şeýle hem aždarha we arslan tanslary ýaly adaty çykyşlar tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Köp sanly ýerli ýaşaýjylar we syýahatçylar bu ajaýyp görnüşi synlamaga ýygnandylar.
«Bu gezek biz adaty Şehuo halk medeniýetini Sinszýanyň toý däp-dessurlarynyň şadyýan atmosferasy we ritmleri bilen birleşdirdik. Munuň netijesinde ruhubelent we janly gurşawy döretmek başartdy» — diýip, çykyşa gatnaşyjylaryn biri aýtdy.
Urumçy medeniýet merkeziniň direktory Şi Çžunmin şeýle belledi: «Esasy täzelik platformalaryň ýörişiniň goşulmagy boldy. Ol biziň folklor toparlarymyzyň çykyşlaryny birleşdirýär we halka Şehuo halk medeniýetiniň hem depginli, hem-de hereketsiz gözelligini görkezýär».
Ýene bir ýerli ýaşaýjy öz täsirleri bilen paýlaşdy: «Şu günki çykyşlary görüp, men aýratyn begendim we tolkundym».







