Hytaýly ýaş dron pilotlary pes beýiklikdäki ykdysady uçuşlary özleşdirýärler

Kunşan şäherinden (Gündogar Hytaý, Szýansu welaýaty) bolan ýaş dron operatorlarynyň topary, ýurduň içinde we daşary ýurtlarda pes beýiklikdäki ykdysadyýetiň geljegine uly höwes bilen garaýarlar.
Uçarmansyz uçýan enjamlar senagatynyň ösmegi, dron uçarmany kärini ýaş hünärmenler üçin täze we geljegi uly ugra öwürdi. Olar dronlar bilen baglanyşykly barlaglara, işläp düzmelere we synaglara gatnaşýarlar.
Toparyň agzalarynyň köpüsi 2000-nji ýyldan soň doglanlardyr. Olar her gün biri-biri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, synag uçuşlaryny amala aşyrýarlar: dronlary dolandyrýarlar we dürli şertlerde uçýan enjamlaryň işi baradaky maglumatlary ýygnaýarlar.
Wan Szihao — 27 adamdan ybarat bolan toparyň 26 ýaşly ýolbaşçysydyr. Ol synag uçuşynyň drona alyja gowşurylmazyndan ozalky iň soňky tapgyrdygyny, şonuň üçin hem oňa örän ünsli taýýarlyk görmelidigini nygtaýar. Wanyň aýtmagyna görä, iň soňky taýýarlyk maslahaty indiki günüň üçin uçuş meýilnamasyny düzmek bilen tamamlanýar. Bu meýilnama uçýan enjamlarynyň we operatorlaryň ýagdaýy, howa şertler, hatda uçuş wagtyndaky hereketleriň aýratynlyklary hem girizilýär.
Kunşandan başga-da, topar beýleki ýerlerde-de synag uçuşlaryny geçirdi. Mysal üçin, Taýçžou şäherinde (Gündogar Hytaý, Çzeszýan welaýaty) uçrmanlar drony şäher merkezinden Daçen adasyna çenli we yzyna, ýagny 50 kilometrden gowrak aralyga uçurmak üçin ulandylar. Synagyň maksady — dronyň iş ukybyny barlamakdan ybaratdyr. Geljekde bu ulgam uçarmansyz enjamyň kömegi bilen deňiz arkaly ada yzygiderli ýük daşalmagyny ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Işiň ýene bir möhüm tapgyry — Abu-Dabidaky (Birleşen Arap Emirlikleri) uçuş boldy. Çölüň çylşyrymly howa şertlerine, şol sanda ýokary gyzgynlyga garamazdan, topar wezipäni üstünlikli berjaý etdi.
Maslahatlar zalyndaky kartada dron uçarmanlarynyň uçuş ýollary bellenilipdir. Wan Szihaonyň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda topar Kunşandaky toplumda işe başladylar. Ýylyň ahyryna çenli olar 1 000-e golaý uçuş amala aşyrdylar we takmynan 45 müň kilometr aralygy geçdiler. Şunlukda, geçilen umumy aralyk Ýer şarynyň töwereginden hem geçdi.
Dronlar bilen işlemäge gyzyklanýan uçarmanlar möhüm wezipeleri ýerine ýetirýändiklerine buýsanýarlar. Topar 5-nji fewralda aýratyn üstünligi gazandylar. Şol gün olar Hytaýda uçuş agramy bäş tonnadan geçýän, dikligine göterilýän we gonýan elektrik energiýasy arkaly uçýan enjamda (eVTOL) ilkinji uçuşy amala aşyrdylar. Mundan başga-da, uçarmanlar şeýle enjamyň ilkinji köpçülikleýin uçuşyny hem gurnadylar.







