2025-nji ýylda Hytaý – Germaniýa söwda möçberi 1 trillion 510 milliard ýuana ýetdi

2025-nji ýylda Hytaý bilen Germaniýanyň arasynda haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 1 trillion 510 milliard ýuana (ýagny 219 milliard 300 million ABŞ dollary) barabar bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5.2 göterim artdy. Bu barada hepdäniň çarşenbe güni Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berdi.
Hytaý harytlarynyň Germaniýa eksportynyň möçberi 664 milliard 300 million ýuana, importynyň möçberi bolsa 846 milliard 300 million ýuana barabar boldy. Germaniýa Hytaýyň Ýewropadaky iň iri söwda hyzmatdaşy bolmagynda galýar, Hytaý bolsa bir ýyllyk arakesmeden soň Germaniýanyň esasy söwda hyzmatdaşy derejesini gaýtadan eýeledi.
2025-nji ýylda iki ýurduň arasynda elektromehaniki önümler boýunça söwda möçberi 1 trillion 70 milliard ýuana ýetip, 5.8 göterim ýokarlandy we umumy söwda dolanyşygynyň 70.8 göterimini düzdi. Awtoulaglar we olaryň ätiýaçlyk şaýlary boýunça söwda 131 milliard 500 million ýuana deň bolup, elektromehaniki söwdanyň 12.3 göterimini emele getirdi. Şeýle hem elektron düzümleriň söwdasy 74 milliard ýuana, kompýuterleriň we olaryň bölekleriniň söwdasy 73 milliard 800 million ýuana, ölçeg we barlag enjamlarynyň söwdasy bolsa 59, milliard 800 million ýuana barabar bolup, bular söwdanyň esasy ugurlary boldy.
Derman we bejeriş serişdeleri boýunça söwda 65 milliard 700 million ýuana, esasy organiki himiki maddalar boýunça söwda möçberi bolsa 18 milliard 400 million ýuana ýetdi. Täze ösýän pudaklarda hem ösüş hasaba alyndy: Üç ölçegli (3D) printerler boýunça söwda 2 milliard 600 million ýuana, senagat robotlary boýunça bolsa söwdanyň möçberi 1 milliard ýuana barabar boldy.
Dünýäniň ikinji we üçünji iri ykdysadyýetleri hökmünde Hytaý bilen Germaniýanyň senagat we üpjünçilik zynjyrlary çuňňur arabaglanyşyklydyr. Hytaý – Germaniýa hyzmatdaşlygy bu iki ýurduň kompaniýalaryna hem-de halklaryna uly bähbit getirmegini dowam etdirýär.







