Emeli intellektli äýnekler Hytaýda görüşi çäkli adamlara kömek edýär

Hytaýly alymlar emeli intellekt tehnologiýasy ornaşdyrylan ýörite äýnekleri işläp taýýarladylar. Bu äýnekler şekil maglumatlaryny seslere öwrüp, kör we görüş ukyby pes adamlara özbaşdak hem-de ynamly hereket etmäge mümkinçilik berýär.
Ýedi ýaşynda görüş ukybyny ýitiren we häzirki wagtda pianino guralyny sazlaýjy bolup işleýän Saý Sýunhoi, beýleki ugur görkezji enjamlary ulananda ýolunyň soňky 10 metrinde köplenç görüşi peselip, azaşyp galýandygyny aýdýar. “Görüş ukyby çäkli bolan adamlar özbaşdak daşary çykmak isleýärler, emma azaşmak gorkusy bizi saklaýar” diýip, Saý Sýunhoi gürrüň berýär. Ol Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän konserte ýeke özi gatnaşmaklygy arzuw edýärdi.
Žeszian welaýatynyň Hançžou şäherindäki alymlar emeli intellekt ulgamyny kämilleşdirmek üçin ýarym ýyldan bäri köçeleriň geçelgeleri, basgançaklar we howply bolup biljek ýerler barada maglumatlary toplap geldiler. Netijede, äýnekleriň şekili aýdyň görkeziş tizligi 500 millisekuntdan 300 millisekunta çenli gysgaldyldy.
Bu äýnek daş-töweregi aňşyryp, şekili seljermek tehnologiýasyna esaslanýar. Ol ýurduň içinde işlenip taýýarlanan uly emeli intellektli model – “Alibaba Cloud”-yň “Tongyi Qianwen” platformasy arkaly hyzmatlary tanap, daş-töweregi düşündirýär we sesli ýol ugrukdyryjy maglumatlary berýär.
“Emeli intellekt görüşi pes adamlaryň gözi, dili we gulagy bolup hyzmat edip, olaryň durmuşyny ýeňilleşdirýär” diýip, “Alibaba Cloud”-yň “Tongyi Qianwen” platformasynyň baş müdiri Sýu Dun düşündirdi.
Ýakynda Saý Sýunhoi kämilleşdirilen äýnekleriň kömegi bilen özbaşdak teatra gidip bildi. “Hiç wagt umydyňy ýitirmeli däl! Ylmyň we tehnologiýanyň çalt ösüşi bilen ähli kynçylyklary ýuwaş-ýuwaşdan ýeňip geçeris” diýip, Saý Sýunhoi umydygär äheňde pikirini paýlaşdy.







