Hytaýyň Bahar baýramy döwründe howa gatnawlary 7.7% artdy

Fewral 26, 2026 | 18:08 |52
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


2026-njy ýylyň Bahar baýramy döwründe Hytaýyň raýat awiasiýasy arkaly 22 million 50 müň sany ýolagçy gatnawlary amala aşyryldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7.7 göterim ýokarydyr. Bu barada hepdäniň sişenbe güni Hytaýyň Raýat awiasiýasy boýunça döwlet dolandyryş edarasy habar berdi.

Bahar baýramynyň 15-nji – 23-nji fewral aralygynda, ýagny dokuz günläp dowam eden dynç alyş günlerinde her gün ortaça 18 956 sany uçuşlar amala aşyryldy. Bu 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4.4 göterim ýokarydyr.

Hytaýyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, baýramçylyk günlerinde ýurduň ähli sebitlerinde ýolagçy gatnawlarynyň sany 2 milliard 800 milliondan geçdi.

Öz öýlerinden daşda işleýänleriň ýa okaýanlaryň dogduk mekanlaryna gaýdyp barmaklaryndan başga-da, “yzyňdan gelmek” diýlip atlandyrylýan gatnawlar hem köpeldi, ýagny ene-atalar uly şäherlere öz çagalarynyň yzyndan barýarlar.

“2026-njy ýylyň Bahar baýramynda Pekine uçan ýolagçylaryň 18 göterimi 50 ýaşdan ulular ekeni. 60 ýaşdan uly ýolagçylaryň sany bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterimden hem köp artypdyr. Pekin, Çendu, Şanhaý we Guançžou şäherleri 50 ýaşdan uly ýolagçylaryň iň köp saýlan şäherleridir” diýip, Hytaýyň “Qunar” onlaýn sargyt ediş kompaniýasynyň Uly maglumatlar ylmy-barlag institutynyň ylmy işgäri Şi Ke gürrüň berdi.

Bu maglumatlar baýramçylyk döwründe syýahatçylyga bolan islegleriň ýokarydygyny hem-de Hytaýda möwsümleýin täze gatnaw ugurlarynyň döreýändigini görkezýändir.

Beýleki habarlar