Bahar baýramy döwründe Hytaýyň internet arkaly amala aşyrylýan söwdalary artýar

Hepdäniň sişenbe güni Hytaýyň Halk Bankynyň çap eden maglumatlaryna görä, Hytaýyň Bahar baýramynyň 15-nji – 23-nji fewral aralygyndaky resmi dynç alyş günlerinde internet arkaly amala aşyrylan söwdalaryň möçberi ep-esli artdy.
“NetsUnion Clearing Corporation” onlaýn töleg kliring agentligi we “China UnionPay” töleg hyzmatlary arkaly jemi 13 trillion 120 milliard ýuan (ýagny 1 trillion 900 milliard ABŞ dollary) möçberinde 39 milliard 300 million sany internet arkaly söwdalar amala aşyryldy.
Geçen ýylyň baýramçylyk döwri bilen deňeşdirilende, söwdalaryň ortaça günlük sany 37.45% artdy, ortaça günlük bahasy bolsa 19.26% ýokarlandy.
Ýurda gelýän syýahatçylaryň bu iki platforma arkaly söwdalary has-da güýçli ösüş görkezdi: ortaça günlük möçber geçen ýyl bilen deňeşdirilende 78.1% we gymmatlygy bolsa 44.33% ýokarlandy.
Hytaý Täze ýyly, ýagny Bahar baýramy Hytaýyň däp bolan iň möhüm baýramy bolup, baýramçylygyň dowamynda maşgala agzalary biri-biri bilen duşuşýarlar, adamlar syýahat edýärler. Dokuz günlük dynç alyş döwründe sarp edijilik we sanly töleglere bolan islegler hem artdy.
Bu görkeziji Hytaýda baýramçylyk çykdajylarynyň ýokarydygyny we onlaýn töleg ulgamlaryna bolan islegleriň artýandygyny görkezýändir.







