Hytaýyň awtoýollarynda elektromobilleri kuwwatlandyryş rekord derejä ýetdi

Milli Energetika Müdirliginiň maglumatlaryna görä, Hytaýyň awtoýollarynda elektromobilleri kuwwatlandyryş beketleriniň işjeňligi Bahar baýramynyň 15–23-nji fewral aralygynda dowam eden dokuz günlük dynç alyş günlerinde rekord derejede artdy. Bu bolsa awtoýollarda elektromobilli gatnawlaryň sanynyň artýandygyny görkezýändir.
Bahar baýramynyň dynç alyş döwründe ýolagçy gatnawlarynyň sany iň ýokary derejesine ýetýär, sebitara gatnawlaryň köpüsi awtoulaglar arkaly amala aşyrylýar. Hytaýda elektromobilleri kuwwanlandyrmaklyga artýan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen awtoýollarda kuwwanlandyryş beketleriniň infrastrukturasy giňeldildi.
Milli gözegçilik platformasyndaky 53300 sany awtoýol elektromobilleri kuwwatlandyryş beketleriniň seljermesi ulanylan energiýa möçberiniň 149.7675 million kWt/sagada ýetendigini, ortaça gündelik 16,6408 million kWt/sagada ýetendigini görkezdi, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 52.01% ýokarydyr.
Döwlet Elektrik kompaniýasynyň intellektual ulag ulgamy platformasyndan alnan maglumatlar bäş sany welaýatyň, ýagny Žeszian, Sziansu, Anhoý, Şandun we Henan welaýatlaryň awtoýollarynda uly göwrümli kuwwatlandyryş möçberi hasaba alyndy. Çançun-Şençžen awtoýoly welaýatlaryň arasynda kuwwatlandyryşyň göwrümi boýunça iň öňdäki orny eýeledi.







