Bahar baýramynda Hytaýyň ylmy muzeýlerine 3.5 milliondan gowrak adam baryp gördi

Hytaýyň Ylym we Tehnologiýa muzeýiniň çap eden deslapky statistikasyna görä, 2026-njy ýylyň Bahar baýramynyň dowamynda Hytaýyň dürli künjeklerindeki ylym we tehnologiýa muzeýlerine 3 million 500 müňden gowrak adam baryp gördi.
Hytaýyň Täze ýylyna bagyşlanan ýörite sergiler we robotlaryň gatnaşmagynda interaktiw çäreler gurnaldy. Hepdäniň duşenbe güni tamamlanan dokuz günlük dynç alyş döwründe ylmy muzeýleri syýahatçylarynyň, esasan hem çagaly maşgalalaryň köp baran ýerlerine öwrüldi.
Däbe görä baýramçylyk döwründe maşgala agzalary we ýakyn hossarlar bir ýere ýygnanyşýarlar. Şular ýaly bilelikde amala aşyrylýan gezelençler hem biri-birine ýakyn adamlaryň birleşmegi üçin täze mümkinçiliklerdir.
Hytaýyň Ylym we Tehnologiýa muzeýi 2026-njy ýylda ylmy muzeýlerde halk köpçüligine has döredijilikli ylmy wagyz etmekligi öňe sürmek bilen, adamlaryň müzeýlere barmagyny höweslendirmäge ýardam etjekdigini habar berdi.







