Bahar baýramy döwründe oba ýerleri syýahatçylygyň täze merkezlerine öwrüldi

15-nji – 23-nji fewral aralygynda bellenen Bahar baýramy döwründe Hytaýyň dürli sebitlerindäki obalara 73 milliondan gowrak myhmanlar we syýahatçylar gezelenç etmäge bardy. Şeýlelikde, adaty obalar baýramçylyk möwsüminde täze syýahatçylyk merkezlerine öwrüldi. Bu barada Hytaýyň Ýaşaýyş jaý, şäher we oba ýerlerini ösdüriş ministrligi habar berdi.
Baýramçylyk günlerinde obalarda ýerli medeniýet we däp-dessurlar bilen baglanyşykly 10 müňden gowrak çäreler geçirildi. Bu çäreler oba ýerleriniň ösüşine täzeçe itergi berdi.
Hubeý welaýatynyň Donýuan obasynda myhmanlar kagyz kesmek, tüwi kökesini taýýarlamak ýaly halk däplerine gatnaşyp, milli baýramçylygyna mahsus bolan özboluşlylygy başdan geçirdiler. Anhoi welaýatynyň “Hytaýa mahsus şekildäki oba” hökmünde tanalýan Honsun obasy daşary ýurtly syýahatçylary çyraly ýörişleri we milli lybasly Täze ýyl dabaralary bilen özüne çekdi. Siçuan welaýatynyň Sinfen obasynda bolsa asyrlarboýy saklanyp galan binagärlik mirasy, baýramçylyk bezegleri we däbe öwrülen “baba toýy” myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. “Gadymy binalar haýran galdyrýar... bu Bahar baýramy üýtgeşik boldy” diýip syýahatçylaryň biri gürrüň berdi.
Täze ýylyň ýedinji güni ýagdaýyna görä, 4 müňden gowrak obada 15 472 sany çäre, ýagny oba konsertleri, çykyşlar, miras görkezmeleri, ekerançylyga degişli çäreleri, sport ýaryşlary we medeni çäreler geçirildi. Bu çärelere 73 million 870 müň sany myhman gatnaşyp, 5 milliard 884 million ýuan (ýagny 851 million ABŞ dollary) möçberinde girdeji getirdi.
Bu öňegidişlikler obalaryň baýramçylyk syýahatçylygyndaky ornunyň güýçlenýändigini we oba ýerleriniň barha ösýändigini görkezýändir.







