Hytaýyň täzeçil tehnologiýasy Malaýziýada tüwi hasylyny artdyrýar

Hytaýyň dowamly tüwi hasylyny almak, ýagny bir ekişden iki gezek tüwi hasylyny almaga mümkinçilik berýän täzeçil tehnologiýasy Malaýziýada tüwi hasylyny ýokarlandyrmaga we azyk bolçulygyny döretmäge ýardam edýär.
Topragyň dökün bilen ýeterlik üpjün edilýändigine garamazdan, Malaýziýanyň zerur bolan tüwi hasylynyň diňe üçden iki bölegi özünde öndürilýär. Bu ugurda Hytaý hünärmenleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk Malaýziýanyň içerki azyk üpjünçiligini ýokalndyrmaga gönükdirilendir.
Bir ekişden iki gezek tüwi hasylyny almak usulynda, birinji hasyl ýygnalandan soň tüwiniň ýerüsti bölegi ýygylyp aýrylýar, kökleri bolsa toprakda saklanyp galýar. Şol köklerden tüwi baldaklary täzeden ösüp çykýar we ösümlik ikinji gezek hasyl berýär. Bu usul daýhanlaryň hasylyny we girdejisini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Fuszian Oba hojalyk we tokaýçylyk uniwersitetiniň professory Lin Wenszion Malaýziýada bu tehnologiýany ornaşdyrmak işlerine ýolbaşçylyk edýär. Onuň sözlerine görä, bir gezek ekmek arkaly iki hasyl almak, serişdeleri tygşytlamaga we öndürijiligi artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu usul bir ekinden iki, kä halatlarda üç ýa-da dört hasyl almaga mümkinçilik berýär. Netijede sarp edilýän tohum, zähmet, dökün, suw we wagt möçberi ep-esli tygşytlanýar.
Penanyň Malaýziýa Hytaý Telekeçiler birleşmesi Fuszian uniwersitetini ýerli häkimiýetler bilen baglanyşdyrdy. Birleşmäniň wekili Kris Lim Sýu Seng bu taslamanyň daýhanlaryň girdejisini artdyrýandygyny hem-de ýurduň azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrýandygyny belledi.
Taslama tropiki şertlerde tüwi ösdürip ýetişdirmekde täze mümkinçilikleri döretmek bilen, öndürijiligi we azyk howpsuzlygyny güýçlendirmäge goşant goşýar.







