Sinszian welaýatynda çarwadarlar ýazky göçüşe başlady

Fewral 26, 2026 | 02:45 |57
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszian Uýgur awtonom welaýatynyň Ili Gazak awtonom prefekturasynyň Tekes etrabynda 113 müň başdan ybarat mal sürüleri ýazky möwsümleýin göçüşe başlady. Mallar köpeliş möwsüminiň öňüsyrasynda gyşky ýataklaryndan ýazky öri meýddanlaryna göçürilýär.

Fewral aýynyň ahyrynda çarwadarlar köplenç 100 kilometrden gowrak ýol geçýärler. Tekes etrabynda birnäçe maşgala 1 200-den gowrak dowarlary 130 kilometre golaý aralyga daglyk ýollar arkaly sürüp äkitdi. Garran we haly gowşak goýunlar ulaglar bilen göçürildi, galanlary bolsa sürüp, äkidildi.

“Bu goýnyň ýaşy uly bolansoň, uzak ýoly geçmäge çydamaz, şonuň üçin ony ulag bilen ugradýarys” diýip, çarwadarlaryň biri aýtdy.

Basym guzylamaly goýunlaryň sany köp bolansoň, agyr gar düşmegi hem goşmaça kynçylyk döretdi. Şeýle-de bolsa, çarwadarlar göçüşini dowam etdirdi.

Ýerli häkimiýetler çarwadarlara ýardam bermek maksady bilen maldarçylyk hünärmenlerini berkitdi we göçüş ýolunyň ugrunda 28 sany hyzmat ediş nokatlaryny döretdi. Bu nokatlarda azyk, wagtlaýyn ýaşaýyş we mallar üçin ot-iýmit üpjün edildi.

Üç güne golaý dowam eden göçüşden soň, çarwadarlar ýazky täze goşlaryna, mallar bolsa ýazky öri meýdanlaryna sag-aman baryp ýetdiler. Guzylaýyş möwsümi öňdäki aýlarda dowam eder, tomusky göçüş bolsa maý aýynyň ahyrynda meýilleşdirilýär. Etrap boýunça 114 müň başdan ybarat mal sürüsiniň ýazky göçüşiniň 10-njy marta çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

Beýleki habarlar